Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ‘ösüşleriň’ bolandygyny diňlese-de, döwlet resmileriniň ençemesine käýinç paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dürli pudaklarynda gazanylan “ösüş depginleri” baradaky sanlary diňläp, döwlet ýolbaşçylarynyň ençemesine käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp, 1-nji noýabrda geçirilen ýygnagyň başynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary G.Myradow ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Resmi metbugatda jemi içerki önüm 6,4 göterim, şol sanda senagat pudagynda - 3,9 göterim, gurluşykda - 2,9 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda - 11,1 göterim, oba hojalygynda - 4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda - 9,7 göterim artdy we bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18 göterim ýokarlandy diýilýär.

Bu hasabatlary diňläp, prezident Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin” diýip, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň başlygy Maksat Babaýewe käýinç yglan etdi.

Ýogsam bolmasa, Babaýew geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgininiň 106,3 göterime, “mawy ýangyjyň” eksportunyň ösüş depgininiň 106,4 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgininiň bolsa 119,2 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Mundanam başga, türkmen lideri “on aýyň netijeleri boýunça bellenilen meýilnamalary we wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän birleşigi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi” üçin diýip, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Maksat Annanepesowa käýinç, demir ýol ulaglary ministri Derýaguly Bäşimowa hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Amanmyrat Gurdowa berk käýinç yglan etdi.

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynda bolşy ýaly, soňky on aýyň dowamynda, Demir ýol ulaglary ministrliginde hem, ýük daşamakda ösüş depgininiň 103 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,2 göterime deň bolandygy aýdyldy.

Türkmen metbugatynda bir tarapdan ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde üstünlikleriň gazanylandygy aýdylyp, beýleki tarapdanam döwlet ýolbaşçylaryna käýinçleriň paýlanmagynyň anyk sebäpleri barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Şol bir wagtyň özünde, çarşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda “wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, uly möçberde para alandygy” aýdylýan dürli wezipeli adamlar barada hem durlup geçildi.

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýew Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça käbir edara-kärhanalarda, şol sanda “Renesans” kompaniýasynyň ýurtdaky şahamçasy boýunça derňew işleriniň geçirilendigini aýtdy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Mary karbomit zawodynda ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ahyrky tölegi we kepillik ulanyş döwri üçin, kompaniýanyň ýurtdaky şahamçasynyň täjirçilik boýunça hünärmeni Begenç Begenjowyň zawoddan alýan karbomit önümini ýerlemekde wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, uly möçberde para alandygy, türkmen telewideniýesiniň maglumatynda bellenilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama önümçilik birleşiginiň “Türkmen gündogar” nebit-gurluşyk trestiniň dolandyryjysy Tagaýewiň “wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, ýolbaşçylyk eden kärhanasynyň alyp barýan gurluşyk-gurnama işlerine kömekçi potratçy hökmünde hususy taraplary çekmekde, olardan uly möçberde para alandygy anyklanandygy” aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministrligine degişli Gurluşyk abatlaýyş kärhanasynyň başlygy wezipesinde işländigi aýdylýan Jahan Durduýewiň “ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň garamagyndaky kerpiç zawodyndan, şeýle hem kärhana işe girmek üçin ýüz tutýan raýatlary işe kabul etmekde para alandygy” habar berilýär.

Türkmen metbugatynda “jenaýatçylykly hereketler boýunça derňewleriň dowam edýändigi” aýdylsa-da, jenaýat edenlikde aýyplanýan şol adamlaryň “etdi” diýilýän jenaýatynyň nähili we haçan anyklanandygy hem-de gürrüňi edilýän paranyň, puluň möçberi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýurtda korrupsiýa aýyplamalary bilen baglanyşykly raýatlaryň ençemesiniň tussag edilendigi baradaky habar, Türkmenistanyň prezidentiniň korrupsiýa garşy göreşmek baradaky döwlet maksatnamasynda bellenilen ähli çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny bellemeginden bir gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG