Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk bilermenleri Günbatary Orsýete “çäkli we gowşak” jogap bermekde aýyplaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Howpsuzlyk we daşary syýasat boýunça bilermenleriň topary Günbatar hökümetleriniň Kremliň demokratiýalara tarap “duşmançylykly hereketlerine böwet salmak boýunça jogabynyň “çäkli we gowşak” bolandygyny aýdýar.

Pragada ýerleşýän Ýewropanyň gymmatlyklary atly analiz merkeziniň ýaýradan “Demokratik Günbatar Putini nädip duruzmaly” sözbaşyly deklarasiýasynda 70 çemesi bilermen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň “Ýewro-Atlantik giňişligini bölmek we dolandyrmak” planyny duruzmak üçin ädim ätmeli diýilýär.

“Wladimir Putiniň demokratiýalary gorkuzmak we kemsitmek karary bar we Günbataryň syýasy ýolbaşçylarynyň uly bölegi muňa entek göz ýetirmeýär” diýlip, 9-njy noýabrda çap bolan deklarasiýada bellenýär.

“Muňa garamazdan, ýurtlaryň tas ählisi içalyçylyk, korrupsiýa, guramaçylykly jenaýatçylyk gatyşykly hüjümlere we köp-derejeli hem-de köp ugurly galp maglumat kampaniýalarynyň artmagyna sezewar bolýarlar” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Bu deklarasiýanyň çap edilmegi Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň guramanyň gündogar goňşulary bilen strategik aragatnaşygy boýunça 13-nji noýabrda geçirjek duşuşygyna gabatlandy.

XS
SM
MD
LG