Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda regional energiýa howpsuzlygy maslahat edildi


Türkmenistanyň Energiýa ministrligi
Türkmenistanyň Energiýa ministrligi

Aşgabatda Merkezi we Günorta Aziýanyň regional energiýa hyzmatdaşlygy boýunça toparynyň 14-nji maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Energiýa ministrliginiň guramaçylygynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň resmileriniň, şeýle-de halkara we regional guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Energiýa hartiýasy we GDA guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygy Daşary işler ministrliginiň çarşenbe güni çap eden beýanatynda aýdylýar.

“Elektrik energiýasynyň serhetaşa söwdasynyň milli we regional energiýa howpsuzlygyndaky roly maslahat edildi” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda ýurtda 2.24 milliarddan gowrak kilowat sagat elektrik energiýasy öndürilipdir. Türkmenistan öz elektrik energiýasyny Owganystana, Eýrana we Türkiýä eksport edýär.

XS
SM
MD
LG