Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: VISA kart ulanyjylaryna SMS arkaly duýduryş berilýär


Türkmen zenany
Türkmen zenany

Şu günler Türkmenistanda VISA we MasterCard ulanyjylarynyň mobil telefonlaryna öz bank kartlaryny başga hiç kime bermezlik barada, SMS hatlary ugradylýar diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň 8-nji noýabrda çap eden maglumatynda aýdylyşyna görä, “Altyn Asyr” mobil operatoryndan ugradylýan SMS-iň mazmunynda: “Hormatly müşderi, öz VISA we MasterCard-ňyzy başgalara bermegiň gadagandygyny ýatladýarys. Eger öz kartyňyzy başgalara bereniňizde, häzir hereket edýän kanunyň öňünde jogapkärdigiňize ünsüňizi çekýäris” diýilýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, bu çäräniň soňky bir hepdäniň dowamynda amala aşyrylýandygyny we SMS-leriň ähli telefon eýelerine däl-de, hususan, daşary ýurtlara söwda gatnaýan raýatlara hem-de il içinde “owadan nomer” diýlip hasaplanýan telefon belgileriniň eýelerine ugradylýandygyny aýdýarlar.

“Altyn Asyr öýjükli telefonyny ulanýan ‘owadan we saýlantgy nomerli’ müşderilere şeýle SMS gelipdir. ‘Özüňiziň plastik kartlaryňyzy diňe özüňiziň ulanmalydygyňyzy ýatladýarys. Ony kesekilere bermegiň gadagandygynam ýatladýarys” diýlen ýazgy gelipdir. Bu SMS-ler daşary ýurtlara plastik kartlar bilen gidip, söwda-satyk edýänleriň hem birtoparyna gelipdir. Bu – olaryň öýjükli telefon nomerleriniň owadanlygy üçinmi ýa-da olaryň daşary ýurtlar bilen söwda-satyk edýänligi öňünden anyklanyp ugradylypdyrmy – muny olaram, menem bilemok. Ýöne adaty telefon nomerleri ulanýan iki sany tanşyma jaň edenimde, ‘biz beýle SMS habaryny almadyk’ diýip aýtdylar” diýip, ýurtdaky VISA we MasterCard ulanyjylarynyň ençemesine salgylanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi ofislerinde işleýän käbir işgärler bu SMS-leriň ugradylmagy barada özlerine görkezme berlendigini, emma munuň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş berilmändigini Azatlygyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, ýurtda VISA we MasterCard halkara bank kartlaryny ulanyjylaryň mobil telefonlaryna gürrüňi edilýän SMS-leriň ugradylmagy barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan hem häzirlikçe ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Ýöne bu waka soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda halkara bank kart eýelerine birnäçe tapgyr çäklendirmeleriň girizilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň banklarynda özleriniň VISA ýa-da MasterCard bank kartlaryna pul geçirmäge baran türkmenistanlylardan, öz işleýän edarasyndan ýörite güwänama talap edilip başlandy. Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri halkara bank kartlarynyň eýlerinden, öň haýsy edaradan, näçe aýlyk alýandygy hakynda güwänama talap edilen bolsa, indi şol güni işgäriň zähmet ýa-da saglyk dynç alşyndadygy baradaky güwänamanyň hem soralýandygyny aýtdylar.

Mundanam başga, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri özüniň 6-njy noýabrda beren maglumatynda, ýurtda döwlet işgärleriniň iş gününiň dowamynda banklara barmagynyň dil üsti bilen gadagan edilendigini, muny berjaý etmedikleriň işi bilen hoşlaşmaly bolýandygyny habar berdi.

“Eger işgär duşenbe güni irden sagat 10-da öz VISA kartyna pul geçiren bolsa, onda ertesi güni organ işgärleri ony çagyryp, oňa banka baran wagtyny kompýuterde görkezýärler” diýip, neşir öz çeşmesine salgylanyp ýazýar.

Şu hepdäniň başynda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine hem täze çäklendirmeler girizildi. Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky raýatlaryň daşary ýurtlarda bank kartlary bilen amala aşyryp bilýän gündelik nagt amallarynyň 100 dollardan 50 dollara, nagt däl amallarynyň 500 dollardan, 200 dollara çenli kemeldilendigini mälim etdi.

Oktýabr aýynyň başynda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan bir günüň dowamynda nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleri 250 dollardan, 100 dollara çenli azaldylypdy. Şu ýylyň martyna çenli bolsa, nagt däl amallar üçin çäk 1000 dollara barabardy.

Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylda Türkmenistanda amerikan dollarynyň satuwy resmi taýdan bes edileni bäri, türkmenistanlylar amerikan dollaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen kursdan diňe plastik kartlar arkaly satyn alyp, daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagtlaşdyryp bilýärler.

Häzirki wagt ýurduň banklarynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 3 manat 50 teňňe diýlip kesgitlenen bolsa-da, onuň “gara bazardaky” nyrhy 9 manada golaýlady.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň sebäplerini, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, türkmen häkimiýetleriniň walýutany ýurduň içinde saklamak üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.

Türkmen hökümeti we media serişdeleri ýurduň ykdysadyýetindäki “ösüş sanlaryny” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar, emma ýurtdaky dollar çäklendirmeleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada, häzire çenli mesele gozgaman gelýärler.

XS
SM
MD
LG