1-nji noýabrdan başlap Türkmenistanyň Balkanabat şäherinde täze awtobus gatnawlarynyň ýola goýulandygy, emma bularyň ýolagçylaryň talabyny doly kanagatlandyrmaýandygy barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.
Resmi derejede tassyklanmadyk maglumatlara görä, häzirki wagt Balkanabatda 150 müň çemesi ilatyň ýaşaýandygy, emma şäherde hereket edýän awtobuslaryň sanynyň bolsa diňe 6-a barabardygy bellenilýär.
Azatlyk Radiosy bu barada häzir Balkanabat şäherine sapar edýän aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.