Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli meşhur satiraçy Mihail Zadornow 69 ýaşynda aradan çykdy


Mihail Zadornow
Mihail Zadornow

Orsýetli meşhur satiraçy Mihail Zadornow 69 ýaşynda aradan çykdy.

Media serişdeleri Zadornowyň rak keseline garşy göreşýändigini, 2016-njy ýylda Germaniýada bejergi alýandygyny habar beripdi.

Zadornow 1948-nji ýylda Latwiýanyň Ýurmala şäherinde doguldy. Sowet Soýuzynyň soňky ýyllarynda we prezident Mihail Gorbaçewyň reformalarynyň dowamynda eden satiraly tankydy çykyşlary Mihail Zadornowa meşhurlyk getiripdi.

Zadornow Orsýetde we beýleki ýurtlarda eden çykyşlary üçin ençeme baýraga eýe boldy.

Zadornowyň döredijiliginiň soňky ýyllary onuň Günbatary we ilkinji nobatda Birleşen Ştatlary berk tankytlamagy bilen tapawutlandy.

XS
SM
MD
LG