Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Türkmenistan göni uçar gatnawyny açmak pikirini edýär


Türkmen uçary
Türkmen uçary

Gyrgyzystan we Türkmenistan Bişkek bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawyny açmak pikirini edýär diýip, Akipres.com neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu mesele türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow bilen gyrgyz DIM-niň başlygy Erlan Abdyldaýewiň 11-nji noýabrda Samarkantda, ÝB-Merkezi Aziýa konferensiýasynyň gapdalyndan geçiren duşuşygynda maslahat edildi.

Şeýle-de gepleşiklerde gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň syýasy, suw-energiýa, medeni we ykdysady ugurlary barada pikir alşyldy.

Diplomatlar söwda gatnaşyklaryny hem ösdürmek ylalaşygyna geldiler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG