Sepleriň elýeterliligi

HWF Aşgabada 'fiziki kapitaldan ozal adam kapitalyny toplamagy' maslahat berýär


HWF-nyň logosy

Halkara walýuta fondy, soňky görlen çärelere garamazdan, Türkmenistanyň çykdajy harajatlarynyň girdejilerinden agdyk bolup galýandygyny aýtdy.

HWF-nyň 10-njy noýabrda çap eden pres-relizinde fonduň ekspertleriniň Aşgabada 1-8-nji noýabr aralygynda eden saparynda gelnen deslapky netijeler habar berildi.

Gelnen netijelere görä, Türkmenistan nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamasyndan soňky täze şertlere uýgunlaşmagyny dowam etdirýär we döwlet harajatlarynyň kemeldilmegi, mugt berilýän gaz, elektrik energiýasy we suw nyrhlaryna gaýtadan seredilmegi “makroykdysady düzedişlere” kömek etdi diýip, beýanatda bellenilýär.

HWF-nyň ekspertleri Aşgabadyň “döwlet inwestisiýa harajatlaryny” kem-kemden, ýöne düýpli azaltmagyny” maslahat berýär.

Mundanam başga, hususy pudagyň ösdürilmegi üçin adminstratiw proseduralaryň we agyr düzgünleşdirmeleriň aýgytly ýönekeýleşdirilmegi, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyny çaltlandyrmak we fiziki kapitaldan ozal adam kapitalyny toplamak maslahat berilýär.

HWF-nyň ekspertleri 2017-nji ýylda Türkmenistana eýýäm üçünji gezek sapar etdiler.

Fonduň ekspertleri ozal Türkmenistana walýuta operasiýalarynyň çäklendirilmegini ýatyrmagy hem maslahat beripdiler.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini we muňa nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagyndan başga, dürliproýektlere ýatyrylýan uly maýalaryň hem sebäp bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG