Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Güleniň ABŞ-dan ekstradisýa edilmegi üçin pul hödürländigini ret edýär


ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Gülen

Türkiýe türk resmileriniň millionlarça dollar töläp, ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Güleni tutmak we Ankara tabşyrmak planyny ara alyp maslahatlaşan bolmagy mümkin diýilýänleri “gülkünç we esassyz” diýip, ret etdi.

Waşingtondaky türk ilçihanasy 12-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň Güleni ekstradisiýa etmegi baradaky talaplary gaýtalady, emma Türkiýäniň bu maksada ýetmek üçin kanundan daşary hereket etmejekdigini aýtdy.

Bu beýanat ABŞ-nyň ýörite ýuridiki geňeşçisi Robert Muelleriň ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Flin bilen onuň oglunyň hamala Güleni tutmak we ony türk hökümetine gowşurmak üçin 15 million çemesi dollar alandygy barada aýdylýanlary derňeýändigi hakynda amerikan mediasynda çap edilen habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Fline wekilçilik edýän aklawçy bu aýyplamalary “aýylganç” diýip atlandyrdy.

Ankara Birleşen Ştatlarda bosgunlykda ýaşaýan Güleni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň garşysyna 2016-njy ýylyň iýulynda guralan döwlet agdarylyşygy synanyşygyna meçew bermekde günäleýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýanwarda iş başyna geçeninden soň Flin 24 günläp, AK tamyň resmilerine ABŞ-daky rus ilçisi Sergeý Kizlýak bilen gatnaşyklary barada nädogry maglumat berendigi üçin işden çekilmäge mejbur edilýänçä, milli howpsuzlyk geňeşçisi bolup işledi.

XS
SM
MD
LG