Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly sambaçy Gülbadam Babamyradowa dünýä çempiony boldy


Gülbadam Babamyradowa

Türkmenistanly sambaçy Gülbadam Babamyradowa ikinji gezek dünýä çempiony boldy.

Sambo boýunça 41-nji dünýä çempionaty 9-13-nji noýabrda Orsýetiň Soçi şäherinde geçirildi.

26 ýaşly Gülbadam Babamyradowa 2012-nji ýylda Minskde geçirilen dünýä çempionatynda hem aldyn medal gazanypdy. Şeýle-de, ol 2016-njy ýylda Rio de Žaneýrodaky tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG