2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde, paýtagtyň etrapçalaryň jaýlarynyň daş-töwereginde ýaşaýjylara awtoulaglaryny goýmaklyga gadagançylyk girizilipdi.
Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagy bilen bu gadagançylyklaryň aradan aýrylmagyna ýaşaýjylar umyt baglan bolsalar-da, olaryň umytlarynyň puç bolandygy aýdylýar.
Şäheriň çäginde bar bolan awtoduralgalaryň awtoulag goýmaga ýeterlik däldigini, has göwrümli awtoduralgalaryň bolsa ýaşaýyş jaýlaryndan uzakda ýerleşýänligi sebäpli, olaryň amatsyzdygyny aýdyp, Aşgabadyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly işçi Serdar şeýle diýýär.
“Günorta naharyna öýe gelip çaý-çörek iýýänçäň, jaýa golaý ýerde goýan awtoulagyň eýýäm ýokdur. Ony ewakuatora salyp alyp gidýärler, ýa bolmasa döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri awtoulaglarynyň çasly sesi bilen awtoulagyňy aýyrmagy talap edip, günorta naharyňa awy gatýarlar.
Işden soňra bolsa, öýüňe golaý bolmadyk awtoduralgada ulagyňy goýup öýüňe gaýtjak bolsaň, ýa taksä pul berip, maşgalaň agyzndan kesmeli, ýa-da pyýadalap öýüňe gaýtmaly bolýarsyň. Şeýle ýagdaýda uzakly güni işlän argynlygyň bir ýana, işden soňky mejbury argynlygyň hem bir ýaňa bolýar” diýip, Serdar zeýrenýär.
Döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärlerniň ýary gijä golaý etrapçalara aýlanyp, jaýlaryň golaýyndan awtoulaglaryň aýrylmagyny talap edip, awtoulaglarynyň çasly sesi bilen ilatyň rahatlygny bozýandygy Parahat-7 etrapçasynyň çäginde hem ýüz berýändigi görünýär.
Ýaşaýjylar üçin amatly bolmadyk ýerde, Parahat-7-niň golaýynda awtoduralga diýip bellenen ýerde, öz awtoulaglaryny goýmaga ätiýaç edýändiklerini aýdýarlar.
“Awtoduralga diýip görkezen ýerlerinde ne çyra bar, ne-de gözegçi, awtoulagyňdan ogurlanýan zat kän bolansoň, awtoulagmyzy jaýlaryň golaýynda goýmaga çalyşýarys. Ýöne rahatlyk ýok. Gijäniň birwagty awtoinspektorlar ewakuator maşynlary bilen gelip, awtoulagyňy ewakuatora ýükläp alyp gidýärler. Onsoň awtoulagyňy awtoinspektorlardan jerime töläp almaly bolýarsyň” diýip, Serdar aýdýar .
Şeýle jerimäniň bahasynyň ewakuator üçin 50 manatdygyny, 500 manady hem Döwlet awtoinspeksiýasynyň edara jaýyna baryp kassa tölemelidigini, ondan soňra hem 35-40 güne çenli awtoulagyňy bermän köseýändiklerini Aşgabadyň ýaşaýjylary aýdýarlar.
Ahmal boldygyň awtoinspektorlar maşynyňy ewakuatora ýükleýärler, onsoň awtoulagyňy alyp gitmezliklerini gazanjak bolsaň, awtoinspektorlaryň yzyndan ýetip, ýalbar-ýakar bilen özüň olaryň jübüsine para töläp, awtoulagyňy alyp galmaga çalyşýarsyň. Şeýle paranyň nyrhy bolsa 100 manat” diýip, sürüjiler aýdýarlar.
Awtoinspektorlaryň awtoulaglarynyň çasly sesi bilen wagt-biwagt aýlanyp durmaklary diňe bir sürüjileriň däl, adaty ýaşaýjylaryň hem rahatlygny bozýandygyny, her çasly ses çykanda, hassalaryň düşekden tisginip galýandyklaryny ýaşaýjylar aýdýarlar.