Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň häkimiýetleri has köp adamy halas etmäge synanyşýarlar


Gyzy ýer titremede ýogalan zenan, Sarpol-e-Zahab, Eýran, 13-ni noýabr, 2017
Gyzy ýer titremede ýogalan zenan, Sarpol-e-Zahab, Eýran, 13-ni noýabr, 2017

Eýranyň we Yragyň serhedinde bolan güýçli ýer titremede aman galan müňlerçe adam ikinji gijesini wagtlaýyn çadyrlarda geçirdiler, şol bir wagtda-da häkimiýetler has köp adamy halas etmek umydyny elden bermeýärler.

Eýranyň Kermanşah welaýaty ýer titremäniň esasy zerbasyny çekdi. Döwlet mediasy 12-nji noýbarda ýer sarsgyny zerarly azyndan 430 adamyň wepat bolandygyny we 7000 çemesi adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 14-nji noýabrda Kermanşah welaýatyna eden saparynda hökümetiň “meseläni gysga wagtda çözmek üçin ähli güýjüni ulanjagyny” wada berdi.

Yragyň resmileri serhet ýakasynda bolan ýer titremede azyndan 7 adamyň wepat bolandygyny we 530-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

7.3 magnitudaly ýer titremäniň merkezi Yragyň demirgazyk-gündogaryndaky Halabja şäherinde boldy we onuň täsiri tutuş regionda Türkiýeden Küweýte çenli duýuldy.

XS
SM
MD
LG