Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda çakyr önümçiliginiň 8000 ýyl mundan oň dörändiginiň subutnamasy tapyldy


Gürjüstanyň Milli muzeýindäki gadymy çakyr küýzesi, Tbilisi

Dünýäde üzümden iň gadymy çakyr önümçiliginiň 8000 ýyl mundan oň dörän bolmagynyň subutnamasy Gürjüstanda tapyldy. Tapylan gadymy küýze çakyr önümçiliginiň ozalky çaklamalardan ýene 1000 ýyl uzak taryhynyň bardygyny görkezýär diýlip, 13-nji noýabrda çap bolan maglumatlarda aýdylýar.

Ozal tapylan subutnamalara görä, dünýäde üzümden edilen çakyr önümçiliginiň taryhy biziň eramyzdan öňki döwüriň 5400-5000-nji ýyllaryndan ugur alýardy. Tapyndylar Eýranyň Zagros daglaryndan gazylyp çykarylypdy diýlip, ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň neşrinde çap edilen maglumatda aýdylýar.

Dünýäde iň gadymy çakyryň 9000 müň ýyl mundan ozal Hytaýda öndürilen bolmagy çak edilýär, emma ol tüwüden öndürilipdi.

“Biz bu nusganyň Ýewraziýada biten ýabany üzümiň çakyr önümçiligi üçin hojalykda öndürilip başlanmagyny subut edýändigine ynanýarys” diýip, açyşyň awtorlaryndan Toronto uniwersitetiniň alymy Stefen Batiuk aýtdy.

Palçykdan ýasalan 300 litrlik küýzäniň bölekleri Tbilisiden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gadaçrili Gora we Şulaweris Gora atly arheologik meýdanlarynda tapyldy.

XS
SM
MD
LG