Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär


Ýerli dolanyşyk merkezlerinden uzakda ýerleşýän käbir obalarda agyz suwy kösençlikleriniň dowam edýändigi aýdylýar. Arhiwden alnan surat.
Ýerli dolanyşyk merkezlerinden uzakda ýerleşýän käbir obalarda agyz suwy kösençlikleriniň dowam edýändigi aýdylýar. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň metbugatynda obalaryň abadanlaşdyrylmagy üçin uly tagallalaryň edilýändigi, obalarda durmuş şertleriniň häzirki döwürde hasam gowulanandygy we şol sanda döwrebap obalaryň hem hyzmata girizilendigi habar berilýär. Ýöne munyň fonunda ýerli dolanyşyk merkezlerinden uzakda ýerleşýän käbir obalarda ýaşaýjylaryň agyz suwy, elektrik energiýasy, işsizlik kösençlikleriniň dowam edýändigi we bu ýagdaýyň halky irizýändigi aýdylýar.

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Sarymeýdan obasynyň käbir ýaşaýjylary, obanyň edil ortarasyndan demirýol geçirlip, soň ondan geçelge goýulmadygyny aýdýarlar. Häzirki wagtyň özünde olaryň agyz suwundan we güzeran kynçylyklaryndan gaty kösenýändigi hem bildirýärler.

"Sarymeýdan obasynyň ýaşaýjylary hökmünde birnäçe gezek degişli ýolbaşçylara arz etdik. Obamyzyň ýaşaýjylarynyň agyz suwdan, işsizlikden we güzeran kynçylyklaryndan gaty kösenýändigini, munyň bolsa maşgalalaryň arasynda agzalalygy möwjedýändigini telim gezek bildirdik. Kerkiçi-Magdanly awtoýolunyň ýany bilen golaýda gurlan demirýol bolsa obany ikä bölüp, elektrik üpjünçiligi bozuldy. Ýaňy-ýakynda köne bir transformator goýup, elektrik üpjünçüligini az-kem ýola goýdular. Ýöne howa şertleri sähel çygly bolsa, elektrik hem kesilip dur. Resmiler obanyň gatnawy üçin demirýoldan geçelge gurup berjek diýdiler, emma häzire çenli hiç bir netije ýok" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Sarymeýdan obasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Sarymeýdan obasynyň käbir ýaşaýjylary eýýäm ençe ýyldan bäri agyz suwy problemasyna hem resmileriň hiç hili çäre görmeýändiginden närazy bolýarlar.

"Demirýoluň sag tarapynda Sarymeýdan obasynyň owalky ýaşaýjylary, çep tarapynda hem altmyş öýden gowrak bolan täze hojalyk ýaşaýar. Agyz suwumyzy bir kilometr uzakdaky akyp ýatan ýapdan getirdýäris. "Muraweý" kysymly ulag bilen suw getirýäne hojalyk başyna hepdede 3 manat berýäris. Öz hususy ulagy bilen agyz suwuny getirýänem bar. Hojalyk şertlerine ulanmak üçin getirdýän suwumyzy öň 20 manada getirdýärdik. Häzir bolsa onuň hem bahasy köpelip, 30-40 manada ýetdi. Dowam edýän we barha agyrlaşýan ykdysady krizis sebäpli indi halkyň öz hasabyna suw getirtmäge ýagdaýy galmady. Obamyzyň ýaşaýjylary daş köwläp, şony satyp, güzeran aýlaýardy. Bir tam salmak üçin 28-30 maşyn daş gerek bolýar. Häzir halkda pul azalansoň, gurluşyk üçin ulanylýan şol daşa talap gaty peseldi we biziň güzeranymyz hasam agyrlaşdy. Owaldan dowam edip gelýän agyz suwy problemamyzyň üstesine indi işsizlik, güzeran aýlamak kynçylygy hem goşuldy. Bu problemalar maşgalalaryň arasynda oňşuksyzlyklary möwjetdi, bu ylaýta-da obanyň ýaşlaryna agyr düşýär" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Sarymeýdan obasynyň beýleki bir ýaşaýjysy maglumat berýär.

Bu obanyň käbir ýaşaýjylary degişli ýolbaşçylaryň agyz suwy we işsizlik problemalaryny çözüp, ykdysady kynçylyklar sebäpli soňky döwürde ýaşlaryň arasynda hasam möwjän maşgala oňşuksyzlygynyň we maşgala bölünişiginiň öňüni almakda kömek edilmegini soraýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri hem agyz suwunyň diňe etrap merkezlerinde bardygyny, daýhan birleşiklerinde munuň uly problemadygyny tassyklaýarlar. Aýdylyşyna görä, käbir etrap merkezlerinde-de agyz suwy belli sagatlarda berilýär, ýagny hemişe elýeterli ýagdaýda däl. Şeýle-de, ýerli çeşmeler ol agyz suwlarynyň hiliniň hem gaty pesdigini belleýärler.

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Sarymeýdan obasynyň käbir ýaşaýjylarynyň agzaýan problemalary barasynda degişli ýerli ýolbaşçylardan nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG