Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky kollejlerde okaýan türkmen studentlerine pul ibermek gadagan edildi


Türkmenistandaky banklaryň biri
Türkmenistandaky banklaryň biri

Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap, raýatlaryň daşary ýurtlaryň kollejlerinde, ýagny hünär mekdeplerinde okaýan çagalaryna “Western Union” we “Money Gram” arkaly pul ibermegine gadagançylyk girizildi.

Ýatladyp geçsek, mundan öň daşary ýurtlaryň kollejlerinde ýa ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň ene-atasy ýa-da ýakyn hossarlary her aýda 1000 amerikan dollaryna çenli möçberdäki türkmen manadyny özüniň daşary ýurtda okaýan çagasyna, agtygyna ýa-da doganyna ugradyp bilýärdi.

Munuň üçin Türkmenistanyň bank işgärleri studentiň ýakyn hossarlaryndan beýleki resminamalar bilen bir hatarda, studentiň şahsyýetini tassyklaýan dokumenti hem-de onuň daşary ýurduň haýsy ýokary okuw jaýynda ýa-da kollejinde okaýandygy hakynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy we Bilim ministrligi tarapyndan berlen resminamany talap edýärdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, şu aýyň başyndan bäri gürrüňi edilýän resminamalarda degişli “uniwersitetiň studenti” diýlip ýazylman, “kollejiň okuwçysy” diýlen ýazgy bolsa, onda Türkmenistanyň banklary raýatlaryň “Western Union” we “Money Gram” arkaly daşary ýurtlara ugratmak isleýän pul serişdesini kabul etmeýärler.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, bank işgärleri munuň sebäplerini çagasy daşary ýurtlaryň kollejlerinde, ýagny hünär mekdeplerinde däl-de, diňe ýokary okuw jaýlarynda okaýan ene-atalaryň pul serişdesini kabul etmek barada özlerine ýörite görkezmäniň berlendigi bilen düşündirýärler.

“Bu kollej ýokary okuw jaýy däl. Bu biziň özümizde bar bolan hünär mekdebi, ýagny professional tehniki uçilişelere deňleşdirilen okuw jaýy. Bize berlen görkezmede-de, bizden ýurduň daşynda okaýan studentlere hossarlary tarapyndan pul ugratmaga kömek bermek talap edilýär. Şonuň üçinem bu professional uçilişe derejesindäki okuw jaýynda okaýanlara pul ugratmaga gadaganlyk girizildi diýip, muny bank işgärleri aç-açan aýdýarlar” diýip, Bugaýew häzirki wagt çagalary daşary ýurtlaryň kollejlerinde ýa-da hünär mekdeplerinde okaýan ene-atalaryň pul ugratmagy üçin başga alternatiwanyň ýokdugyny gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, ýurtda dollaryň söwdasy resmi taýdan bes edilensoň, bu Türkmenistandan daşary ýurtlara, şol sanda ýurduň daşynda okaýan talyplara, şeýle-de daşary ýurtlardan Türkmenistana pul ibermek bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň iň soňkusydyr.

Geçen ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan daşary ýurtlara, şol sanda ýurduň daşynda okaýan talyplara pul ibermek üçin raýatlardan dokumentleriň ençemesi, şeýle-de aýlyk we pensiýa hakyndaky tassyknama, garyndaşlygy tassyklaýan subutnama we studentiň okaýan ýerinden resminamalar talap edilýär.

Şol bir wagtda-da, studentleriň hossarlary daşary ýurtlara diňe özüniň ýazgyda duran welaýatyndaky banklaryň üsti bilen pul ugradyp bilýärler. Ýurduň käbir banklarynda bolsa, günde diňe 10 adamyň daşary ýurtdaky hossarlaryna pul ugradyp bilýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanda puly kabul edýän tarap maliýe serişdelerini ugradan adamyň garyndaşlyk derejesini görkezýän güwänamany, şeýle-de ugradyjynyň bu pullary nädip gazanandygy baradaky aýlyk kepilnamany görkezmäge borçly edildi.

Bu çäklendirmelerden soň, has takygy şu ýylyň fewral aýynda “Western Union” kompaniýasy Türkmenistandaky çäklendirmeleriň ýerli kanunlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini we beýle çäklendirmeleriň kompaniýanyň ygtyýarlygyndan daşardadygyny aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu çäklendirmeler hem-de onuň türkmenistanlylara ýetirýän täsirleri barada häzirki güne çenli ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi daşary ýurtlara pul ibermek düzgünlerine girizilen täze çäklendirmeleri we gadagançylyklary, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, türkmen häkimiýetleriniň walýutany ýurduň içinde saklamak üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG