Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda awgustdan bäri üç müňden gowrak harbysyny ýerleşdirdi


ABŞ-nyň Owganystandaky ýokary derejeli harby ýolbaşçysy we NATO-nyň “Aýgytly ýardam” missiýasynyň baştutany general John Nikolson Bagram howa bazasynda, 23-nji oktýabr, 2017

Ortaça hasapdan 3 000 çemesi goşmaça amerikan harbysy prezident Donald Trampyň tassyklan strategiýasyna laýyklykda Owganystanda ýerleşdirildi diýip, Pentagon 16-njy noýabrda aýtdy.

Pentagon awgust aýynda ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň sanyny 11 müň töwereginde kesgitläpdi we olaryň sanynyň artdyrylmagyny ABŞ-nyň Owganystandaky ýokary derejeli harby ýolbaşçysy we NATO-nyň owgan goşunyny türgenleşdirmek we maslahat bermek maksadyny öz öňünde goýýan “Aýgytly ýardam” missiýasynyň baştutany general John Nikolsonyň talaby bilen delillendiripdi.

Nikolson Owganystanda 16 000 çemesi harbynyň zerurdygyny aýdyp, galan böleginiň NATO-nyň agza ýurtlarynyň hasabyna üpjün edilmegini wada beripdi.

Goşmaça harbylar “Talybana” garşy söweşýän Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmek we olara maslahat bermek wezipesini ýerine ýetirerler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG