Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “gazanylýan üstünlikleri beýan etmek üçin” täze žurnal dörediler


Prezident G.Berdimuhamedowyň 'üstünliklerini' beýan edýän' gazetler.
Prezident G.Berdimuhamedowyň 'üstünliklerini' beýan edýän' gazetler.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde maliýe-ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça edilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, wise-premýer “durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin görülýän çäreler barada” hem gürrüň berdi.

Bu ugurda täze görülýän çäreleriň arasynda “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek hem teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze neşir döretmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegi tabşyrmak bilen, ýurdy “durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri” giňden beýan etmegiň möhümdigini nygtady.

Ýerli synçylar prezidentiň "üstünlikleri beýan etmek" talaby netijesinde gazet-žurnallaryň propaganda guralyna öwrülendigini, adamlaryň olarda okara zat görmeýändigini we şu sebäpden mejbury abunaçylygyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamdow öz aýdýan üstünliklerini ýeterlik beýan etmezlikde aýyplap, milli metbugaty, hususan-da milli telewideniýäniň işini yzygiderli tankyt edýär, jogapkär ýolbaşçylara käýinç berýär, olary ýygy-ýygydan täzeläp durýar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri Gülşat Orazmuhamedowa 15-nji maýda, ministr bellenenine üç aý hem bolmanka wezipesinden boşadyldy.

Ol, synçylaryň hasaplamalaryna görä, soňky 25 ýylda ýygy-ýygydan kadr çalyşmalary geçirilýän türkmen hökümetiniň düzüminde şu wagta çenli iň az wagt saklanan emeldar boldy.

Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertleriniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmänligi üçin” wise-premýer Gülşat Mämmedowa, medeniýet ministri Annageldi Garajaýewe hem-de Tele-radio gepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Altaýewe käýinç yglan etdi.

Gülşat Mämmedowa hökümet täzeden düzülende wise-premýerligini hem ýitirdi we onuň ornuna A. Garajaýew wise-premýer bellenildi.

Gülşat Mämmedowa wise-premýerlige 2016-njy ýylyň aprelinde, Maýsa Ýazmuhammedowanyň ýerine bellenipdi.

Resmi habara görä, M.Ýazmuhammedowa “ýurtda gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygy”, “ýurtda gazanylan üstünlikleriň örän ýaramaz beýan edilmegi” sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok we ýerli synçylar döwlet eýeçiliiginde çap edilýän neşirleriň ählisiniň TDH tarapyndan taýýarlanylýan şol bir habarlary göçürip çap edýändigini, şeýle-de bu habarlaryň efir arkaly halka ýetirilýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG