Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze bellän medeniýet ministrini täzeledi


Kazan, Türkmen medeniýetiniň Tatarystandaky günleri, 4-nji noýabr, 2014 ý.
Kazan, Türkmen medeniýetiniň Tatarystandaky günleri, 4-nji noýabr, 2014 ý.

Türkmenistanyň medeniýet ministri Gülşat Orazmuhamedowa 15-nji maýda, ministr bellenenine üç aý hem bolmanka, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen wezipesinden boşadyldy.

Ol, synçylaryň hasaplamalaryna görä, soňky 25 ýylda ýygy-ýygydan kadr çalyşmalary geçirilýän türkmen hökümetiniň düzüminde şu wagta çenli iň az wagt saklanan emeldar boldy. Emma muňa garamazdan, ozalky ministriň wezipesinden beýle çalt boşadylmagynyň hiç bir sebäbi görkezilmeýär.

Türkmen metbugaty Gülşat Orazmuhamedowanyň wezipesiniň wagtlaýyn onuň orunbasaryna, Atageldi Şamyradowa ynanylandygyny habar berdi.

G.Orazmuhamedowa medeniýet ministri wezipesine şu ýylyň 25-nji fewralynda, ozalky medeniýet ministri Annageldi Garajaýew medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça wise-premýerlige geçirilende bellenipdi.

Ol bu wezipe Aşgabt şäheriniň bilim, medeniýet, saglygy saklaýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden geldi we ondan öň Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory (2009-2014), Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň rektory (2014-2016) bolup işledi.

Orazmuhammedowanyň hiç bir sebäp görkezmezden we şeýle gysga wagtda ministrlikden boşadylmagy hökümetde maý aýynyň başynda başlanan arassalaýyşlaryň we kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Emma ýurduň ozalky baş prokurory Amanmyrat Hallyýewiň we beýlekileriň korrupsiýa, parahorluk ýaly ýaramaz hadysalar sebäbli wezipeden aýrylýandygy açyk aýdyldy. Şol bir wagtda, korrupsiýa bilen aýyplanan resmileriň hem hemmesi barasynda metbugatda açyk habar berilmeýär.

Mysal üçin, biraz öň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Gurtnyýaz Hanmyradow we ýene birnäçe bilim resmisi “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipelerinden boşadyldy.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň habar bermegine görä, Hanmyradow biraz soň korrupsiýa aýyplamalary esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Aýdylmagyna görä, ozal Seýdi adyndaky türkmen döwlet pedagogiki institutynyň, soň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uzak ýyllap rektory bolan we bu wezipelere prezident Berdimuhamedowyň özi tarapyndan bellenen Hanmyradowyň birden işden aýrylmagy studentleriň çärelere gatnaşygy baradaky mesele bilen bagly bolupdyr.

Baýramçylyklar, çäreler we käýinçler...

Mälim bolşy ýaly, türkmen lideri anna güni geçirýän hökümet maslahatlarynda baýramçylyklar, dabaraly çärelere göürlýän taýýarlyklar barada berilýän hasabatlara örän möhüm mesele hökmünde garaýar we olaryň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegini tabşyryp durýar.

Bu tabşyrygyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da çäreler bilen bagly kemçilik goýberilmegi resmileriň käýinç almaklaryna, soňra wezipelerini ýitirmeklerine, ýa-da eger prezident ozalky beren käýinjine göz ýumsa, has ýokary çekilmegine hem getirip bilýär.

Aýdaly, prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertleriniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmänligi üçin” Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gülşat Mämmedowa, medeniýet ministri Annageldi Garajaýewe hem-de Tele-radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Altaýewe käýinç yglan etdi.

Gülşat Mämmedowa soňy bilen, hökümet täzeden düzülende, wise-premýerligini hem ýitirdi, emma onuň bilen bile käýinç alan Garajaýew ozalky başlygynyň ýerine wise-premýer bellenildi.

Gülşat Mämmedowa wise-premýerlige 2016-njy ýylyň aprelinde, Maýsa Ýazmuhammedowanyň ýerine bellenipdi.

Resmi habara görä, M.Ýazmuhammedowa “ýurtda gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygy”, “ýurtda gazanylan üstünlikleriň örän ýaramaz beýan edilmegi” sebäpli wezipesinden boşadyldy.

M.Ýazmuhammedowa şondan öň, 2012-nji ýylda hem “düýpli kemçilikleri üçin”, wezipeden çetleşdirilipdi.

Onuň ýerine bellenen Gülşat Mämmedowa bolsa, wise-premýer bolmazyndan öň, prezidentiň ençeme käýinjinden soň,"işde goýberen kemçilikleri üçin", Ýokary gözegçilik palatasynyň geçiren barlaglary netijesinde, bilim ministriniň wezipesinden boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG