Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýadaky himiki ýaraglaryň derňewiniň uzaldylmagyna ýene garşy durdy


"Orsýet biziň wagtymyzy ýitirýär” diýip, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli wetodan soň aýtdy.
"Orsýet biziň wagtymyzy ýitirýär” diýip, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli wetodan soň aýtdy.

Orsýet bir gün ozal derňewi ýene bir ýyl uzaltmak baradaky teklibe böwet bolanyndan bir gün soň, BMG-niň Siriýadaky himiki ýaraglar hüjümine kimiň jogapkärdigi baradaky derňewi wagtlaýyn saklap galmak baradaky teklibine hem weto goýdy.

17-nji noýabr güni giçlik BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde goýlan rus wetosy, Siriýada 2011-nji ýyldaky konflikt başlanaly bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýurtdaky raýat urşy bilen bagly rezolýusiýalaryna Moskwanyň goýan 11-nji wetosydyr.

BMG bilen Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramanyň bililikdäki derňew mandatynyň möhleti 17-nji noýabr gijesinde tamam boldy.

Orsýetiň weto goýan teklibi, ýagny derňewi ýene bir aý uzaltmak pikiri Ýaponiýa tarapyndan öňe sürüldi we onuň maksady Orsýete hem Günbatar döwletlerine derňewi dowam etdirmek boýunça eglişikli karara gelmekde wagt mümkinçiligini döretmekden ybaratdy.

"Orsýet biziň wagtymyzy ýitirýär” diýip, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli bu wetodan soň aýtdy.

"Russiýanyň şu günki we soňky hepdelerdäki hereketleri Siriýadaky himiki hüjüm meselsinde jogapkärçiligi berkitmek tagallalaryny gijikdirmek, bölmek we ahyr soňunda doly ýatyrmak maksadyndan ugur alýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG