Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň daşary işler ministri ABŞ-ny 'galplaşdyrylan aýyplamada' aýyplaýar 


Mewlut Çawusoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Birleşen Ştatlary, öz sözleri bilen aýdylsa, Eýrana ABŞ sanksiýalaryndan sowulmaga kömekleşmekde günälemek bilen, eýran asylly türk biznesmeniniň garşysyna “syýasy äheňli” we “galplaşdyrylan” aýyplama bildirmekde aýyplady.

17-nji noýabrda Stambulda žurnalistlere aýtmagyna görä, Mewlut Çawusoglu Reza Zarraba garşy ABŞ-da açylan işiň oňa garşy 2013-nji ýylda Türkiýede açylan we soň ýatyrylan jenaýat işine esaslanýandygyna ynanýar.

Reza Zarrab baý altyn söwdageri bolmak bilen, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetine ýakyn durýan biznesmen hökmünde tanalýar.

Şol wagt syzyp çykan maglumatlaryň görkezmegine görä, türk prokurorlary 2013-nji ýylda Zarraby we ýokary derejeli türk resmilerini altyn gaçakçylygy arkaly eýran pullarynyň geçirilmegine ýardam etmekde aýypladylar.

Şol döwürde premýer-ministr bolan Erdogan bu işi öz syýasy duşmanlary tarapyndan taýýarlanylýan döwlet agdarylyşygy synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi. Netijede, Zarrabyň işini derňeýän prokurorlaryň birnäçesi ondan aýryldy we biraz soň jenaýat işi goýbolsun edildi.

NBC News Zarrabyň ýokary derejeli türk resmileriniň gatnaşmagynda amala aşyrylandygy çaklanylýan pul ýuwmak işi boýunça ABŞ prokurorlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG