Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Soçide Siriýanyň prezidenti Assad bilen duşuşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (s), Soçi, 20-nji noýabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (s), Soçi, 20-nji noýabr, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Gara deňizdäki kurort şäheri Soçide Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen geçiren garaşylmadyk duşuşygynda Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşundan çykalga tapmak üçin harby çärelerden daşlaşyp, syýasy ýol gözlemegiň zerurdygyny nygtady.

Iki ýaranyň arasynda 20-nji noýabrda geçirilen duşuşyk Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň Siriýada parahatçylyk prosesini güýçlendirmek üçin 22-nji noýabrda Soçide planlaşdyran duşuşygynyň öňýanyna gabat geldi.

Orsýet we Eýran Siriýada dowam edýän uruşda Assadyň hökümetine harby ýardam berýärler. Hökümetiň protestçilere eden basyşyndan soň başlanan konflikt ýurtda 330 müňden gowrak adamyň wepat bolmagyna, 6.1 million adamyň bosgun bolmagyna we 5 million adamyň ýurduň içinde göçüp ýaşamagyna getirdi.

Putin BMG-niň “syýasy prosese, aýratynam onuň jemleýji tapgyryna aktiw gatnaşmagyna” garaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG