Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow öz halkyny BMG-niň prewentiw diplomatiýa merkeziniň açylmagynyň ýyl dönümi bilen gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti öz halkyny Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça prewentiw diplomatiýa merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady.

TDH döwlet habar agentliginiň 20-nji noýabrda çap eden maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň regional edarasynyň açylmagyny “halkara derejesinde ähmiýetli waka” diýip atlandyrypdyr, şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplyk statusy BMG derejesinde iki gezek ykrar edilen dünýä derejesindäki ýeke-täk ýurtdugyny nygtapdyr.

BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça prewentiw diplomatiýa merkezi 2007-nji ýylyň 16-njy maýynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň teklibi boýunça esaslandyrylypdy, dekabr aýynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylypdy. Onuň öňünde ýurtlaryň hökümetleri bilen aragatnaşyk saklamak, ýagdaýa syn edip, konfliktleriň öňüni almak boýunça tagallalar barada BMG-niň Baş sekretaryna täze maglumat berip durmak, ÝHHG we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki regional gurmalar bilen gatnaşyk saklamak ýaly wezipeler goýulýar diýlip BMG-niň resmi maglumatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG