Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Assad bilen duşuşdy


Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad.
Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad.

Prezident Wladimir Putin Orsýetiň kurort şäheri Soçide Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen geçiren gepleşiklerde, Siriýada indi harby operasiýalardan süýşip, alty ýyl bäri ýurtda barýan raýat urşuna syýasy çözgüt tapmagyň zerurdygyny aýtdy.

Iki ýaranyň arasynda 20-nji noýabrda geçen duşuşyk Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň prezidentleriniň parahatçylyk prosesini ýola goýmak maksady bilen 22-nji noýabrda Soçide duşuşmaga taýýarlyk görýän mahalyna gabat gelýär.

Siriýa konfliktine syýasy çözgüt tapmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ženewada barýan gepleşiklere gaýtdan girişmek hem 28-nji noýabra planlaşdyryldy.

Urşuň tutuş dowamynda Orsýet bilen Eýran Assadyň hökümetine möhüm harby kömekleri berdiler. Hökümetiň protestçileri basyp ýatyrmagy bilen başlanan uruş 330 müňden agdyk adamyň heläklenmegine, 6.1 million adamyň bosguna öwrülmegine getirdi. Ýurduň öz içinde öý-öwzaryndan jyda düşüp, başga ýerlerde ýerleşmäge mejbur bolan adamlaryň hem sany 5 million çemesi diýlip çaklanýar.

Türkiýe Siriýanyň prezidentini häkimiýet başyndan kowmaga synanyşýan gozgalaňçylary goldaýar.

Putin Orsýetiň telewideniýesinde eden beýanatynda: “[Siriýada] harby operasiýa indi, dogrudan, tamamlanyp gelýär” diýdi.

Putin Assada ýüzlenip: “Meniň pikirimçe, indi esasy zat syýasy proseslere geçmek. Men siziň parahatçylygy ornatmaga we [gerekli] çözgütleri tapmaga meýelli her bir adam bilen bile işleşmäge taýýardygyňyzy görýänime begenýärin” diýdi.

Orsýetiň prezidenti özüniň Birleşen Milletler Guramasynyň “prosese, aýratyn-da onuň iň soňky etapyna işjeň gatnaşmagyna” garaşýandygyny aýtdy.

Assad hem Siriýa konfliktinde Orsýetiň oýnan roly üçin, Putine minnetdarlyk bildirip: “Aýratyn-da terroristleriň üstünden ýeňiş gazanalymyz bäri, biz syýasy prosesiň öňe gitmegini isleýäris” diýdi.

Siriýanyň prezidenti “Yslam döwleti” toparynyň ekstremistlerine, şeýle hem özüniň beýleki garşydaşlaryna terroristler diýip salgylanýar.

Assad: “Syýasy prosese daşarky aktýorlaryň garyşmazlygyny üpjün etmekde, siriýalylaryň öz tarapyndan edilýän tagallany goldamakda biz Orsýetiň kömegine bil baglaýarys” diýdi.

Orsýetiň prezidenti hem özüniň 21-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen pikir alyşmakçydygyny aýtdy.

Assadyň Orsýete eden häzirki sapary onuň urşuň dowamynda eden ikinji saparydyr.

Ol ozal Moskwa 2015-nji ýylyň oktýabrynda, ýagny Orsýet Assadyň güýçlerini berkitmek üçin Siriýada howadan we ýerden alnyp barlan kampaniýa başlanyndan az wagt soňra baryp gaýdypdy.

Eýranyň, Orsýetiň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bu üç ýurduň prezidentleriniň Soçide geçjek sammitinden öň, 19-njy noýabrda Türkiýede duşuşyp, Siriýa urşy hakda pikir alyşdylar.

Resmileriň bildirmegine görä, Putin bilen onuň eýranly we türkiýeli kärdeşleri - Rejep Taýýyp Erdogan we Hasan Rohani - arasynda 22-nji noýabra planlaşdyrylan duşuşykda, Siriýada gazaply hereketleri aşaklatmak we regiona ynsanperwer kömekleri ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Moskwa, Ankara we Tähran Ženewadakydan aýrylykda, Gazagystanyň paýtagty Astanada alnyp barylýan gepleşikleri goldaýarlar. Bu gepleşiklere alty ýyl bäri dowam edýän urşa gatnaşýan taraplar gatnaşýarlar.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani 21-nji noýabrda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda, “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky we Yrakdaky güýçli ýerlerinden kowlup çykarylandygyny, şeýlelikde bu toparyň soňuna çykylandygyny yglan etdi.

Eýranyň yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň daşary ýurtlardaky operasiýalaryna ýolbaşçylyk edýän general-maýor Kasym Soleýmany hem ýurduň ýokary liderine iberen habarynda, ekstremistik toparyň soňuna çykylandygyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG