Sepleriň elýeterliligi

‘Türkmennebit’ $8,5 million bergisini indi dört ýyl bäri 'tölemeýär'


Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit platformasynda işleýän işçiler

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni özüniň nebit-gaz pudagyna satyn alan enjamlary üçin 8,5 million amerikan dollaryndan gowrak bergisini indi 4 ýyl bäri tölemän gelýär diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

19-njy noýabrda bu neşir “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan ugradylandygy aýdylýan hatlaryň ençemesini çap etdi. Şol hatlarda degişli türkmen resmileri berginiň tölenmezliginiň sebäplerini, Türkmenistanyň iň uly kompaniýalarynyň birinde puluň ýoklugy bilen düşündirýärler.

Neşiriň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda “Türkmennebit” we düýbi Kiprde ýerleşýän “I.C. Intercomplect Ltd” kompaniýalary Türkmenistanyň nebit-gaz skwažinalarynda, ýagny buraw guýularynda gazuw-agtaryş we özleşdirme işlerini geçirmek üçin niýetlenen analitik laboratoriýalary we göçme kompleksi satyn almak baradaky şertnama gol goýdular.

“Türkmen şelfiniň aýratynlyklaryna laýyklykda, müşderiniň talaplaryna görä, kompleksiň käbir bölekleri Russiýadan, Belarusdan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan getirilip, tas el bilen diýen ýaly ýygnaldy. Ýerine ýetiriji kompaniýa buýurmany doly görnüşde we bellenilen wagt möhletinde berjaý etdi. Buýurmany eden tarap harytlary kabul edip, 2014-nji ýylyň maýynda olary kabul edip almak baradaky akta gol goýdy we şol ýyly 674 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesini töledi. Emma şondan bäri ‘I.C. Intercomplect Ltd” kompaniýasyna başga pul ugradylmady” diýip, neşir öz maglumatynda belleýär.

Aýdylmagyna görä, 2014-nji ýylyň awgust aýynda ugradylan hatda “Türkmennebitiň” şol döwürdäki başlygy Täçberdi Begjanow: “Wagtlaýyn kynçylyklar sebäpli häzirki wagt ‘Türkmennebit’ döwlet konserni emele gelen bergileri töläp bilmeýär” diýýär.

Gürrüňi edilýän maliýe dawasyny çözmek üçin, ýurdiki wekil hökmünde ygtyýarlandyrylandygy aýdylýan “CIS Debt Recovery Solutions” aly halkara firmasynyň türkmen tarapyna bergini bölekleýin tölemegi teklip edendigi aýdylýar.

“Soňky hepdeleriň dowamynda biz ‘Türkmennebite’ ýüzlerçe gezek jaň etdik. Biz olar bilen diňe 3-4 gezek gepleşmegi başardyk, ýöne onda-da netije gazanyp bilmedik” diýip, agzalýan neşir “CIS Debt Recovery Solutions” firmasynyň maslahatçysy Taras Kopiýe salgylanyp ýazýar.

Maglumatda bu firma tarapyndan azyndan her hepdede bir gezek ugradylan hatlaryň ählisiniň Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan ünsden düşürilýändigi, olaryň bu meseläni “ýakyn wagtda” çözmek wadasy bilen diňe bir gezek jogap hatyny ýazandygy bellenilýär.

“‘Türkmennebit’ döwlet konserni satyn alnan harytlar üçin ýakyn geljekde bölekleýin tölegleri amala aşyrmak üçin ähli tagallalary edýär diýlip, agzalýan konserniň täze başlygy Döwletdurdy Hajyýew özüniň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ugradan hatynda belleýär” diýlip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň çap eden resminamalaryndan çen tutulsa, häzirki wagt “Türkmennebit” döwlet konserniniň bergisi – jerimäni hem nazara alanyňda – 8 million 540 müň amerikan dollaryndan hem aşýar.

Taras Kopiýniň “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirine beren maglumatynda, häzirki wagt öz firmasynyň Türkmenistanyň ähli iş täzeliklerini üns bilen yzarlaýandygyny aýdyp şeýle diýýär: “Biz Türkmenistanyň döwlet konsernleriniň potensial daşary ýurt partnýorlary bilen dessine habarlaşyp, ýurduň nebit-gaz pudagyndaky problemalar, bar bolan bergiler barada habarly edýäris. Şeýle-de, olary hyzmatdaşlykdan saklanmak barada duýdurýarys”.

“Türkmennebit” döwlet konserni kipr kompaniýasyna öz bergisini ýakyn wagtda tölemese, onda agzalýan halkara ýurdiki firmanyň bu meseläni halkara arbitraž suduna ýetirmek baradaky resminamalary taýýarlajakdygy aýdylýar.

Ýatlap geçsek, türkmen hökümeti bilen işleşen halkara kompaniýalarynyň ençemesiniň Türkmenistanda alyp baran işleri üçin, töleglerini alyp bilmeýändigi barada, metbugatda mundan öň hem habarlar peýda bolupdy.

Şu ýylyň aprel aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hytaý kompaniýasyna 2,5 million amerikan dollaryna golaý karzyny iki ýyla golaý wagt bäri tölemän gelýändigi barada hem maglumatlar peýda bolupdy. Emma şonda türkmen tarapynyň bergisini bermeýändigi baradaky habar metbugatda çykanyndan bir hepde soň, ýagny 19-njy aprelde “Türkmengaz” öz bergisini beripdir.

Ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Azatlyk Radiosyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň Aşgabadyň Arçabil şaýolundaky edarasyndan we Kiprdäki kompaniýadan haýsam bolsa kommentariý ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG