Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň sudy orsýetli biznesmen Suleýman Kerimowy derňew astyna aldy


Suleýman Kerimow
Suleýman Kerimow

Fransiýanyň sudy tussag edilen orsýetli biznesmen we kanun çykaryjy Suleýman Kerimowy formal derňew astyna aldy we onuň boşadylmagyna degişli berk çäklendirmeleri girizdi. Kerimow salgytdan gaçmakda güman edilýär.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, Kerimow boşadylmagy üçin 5 million amerikan dollary möçberinde girew tölemeli we öz pasportyny tabşyryp, Fransiýanyň Nisa regionynda galmaga boýun bolmaly.

Kerimow 20-nji noýabrda Cote D'Azur halkara aeroportunda tussag edilipdi. Onuň tussaglygy seslenme döretdi. Orsýet we Kreml Kerimowy goramagy wada berdiler.

Orsýetiň daşary işler ministrligi 22-nji noýabrda Fransiýanyň Mokswadaky ilçisini çagyryp, nägilelik bildirendigini yglan etdi.

“Forbes” žurnaly 51 ýaşly Kerimowyň baýlygynyň 6.3 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG