Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Krym tatarlarynyň birnäçe aktiwistini tussag etdiler


Asan Capuh Orsýetiň howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan tussag edildi, Simferopol, 23-nji noýabr, 2017

Orsýetiň howpsuzlyk ofiserleri 23-nji noýabrda Krym tatarlarynyň birnäçe aktiwistini tussag etdiler.

Krymda bolan bu tutha-tutluk Moskwanyň 2014-nji ýylda ýarymadany Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagyna garşylyk bildiren topara edilýän basyşlaryň dowamynda ýüze çykdy.

Orsýetiň döwlet mediasy Federal Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Krymdaky bölümine salgylanyp, Krym tatarlarynyň öz-özüni dolandyryjy organy Mejlisiň ençeme agzasynyň Simferopolda tussag edilendigini we olaryň pul talap etmekde şübhelenýändigini habar berdi. Orsýetiň häkimiýetleri Mejlisi bikanun hasap edýär.

Krym tatarlarynyň wekili Edem Semedlýaýew tussaglaryň ýanyna aklawçynyň dessine goýberilmändigini AÝ/AR-na habar berdi.

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki mediasy FSB-niň Krymdaky bölümine salgylanyp, tussag edilenleriň Türkiýäniň raýatyndan 7 müň amerikan dollary möçberinde pul talap etmekde güman edilýändigini habar berdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Günbatar hökümetleri Krymyň türki dilli ilatyna we Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegine garşy çykyş eden beýleki ýaşaýjylaryna görkezilýän yzygiderli basyşlary ýazgarýarlar.

XS
SM
MD
LG