Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Mumbaýda bolan adam pidaly hüjüme gatnaşykda aýyplanýan yslamçy lideri boşatdy


Jamaat-ud-Dawa (JuD) guramasynyň pakistanly ýolbaşçysy Hafiz Saeed (ortada) Lahore, 22-nji noýabr, 2017

Pakistanyň sudy 2008-nji ýylda Mumbaýda 166 adamyň ölümine getiren hüjümi gurnamakda aýyplanan yslamçy lideri öý tussaglygyndan boşatmagy karar etdi. Bu barada onuň aklawçylary we prokurorlar habar berdiler.

Prokuror Sattar Sahil Hafiz Saeediň 23-nji noýabrda boşadylmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Lahoryň sudy Saeediň tussaglygyny ýene 60 günlük uzaltmak hakynda regional hökümetiň eden talabyny ret etdi.

“Lahoryň Baş sudunyň synçy topary Punjabyň hökümetinden Hafiz Saeede garşy subutnamalary bermegi sorady, emma hökümet muny berjaý etmedi” diýip, Saeediň aklawçysy A.K.Dogar aýtdy.

Suduň karardan ABŞ-nyň we Hindistanyň häkimiýetleriniň nägile bolmagy ähtimal. Bu ýurtlar Saeedi Hindistanyň iň uly şäherinde iki sany gymmatbaha myhmanhana, ýewreý merkezine we otly stansiýasyna 10 adam tarapyndan edilen hüjüm bilen bagly plana ýardam bermekde aýyplaýarlar.

Hindistan Pakistany Saeed bilen hyzmatdaşlykda hüjümleri amala aşyrmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG