Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain harbylary ýurduň gündogarynda 5 esgeriň wepat bolandygyny aýdýarlar


Ukrain harbylary hökümetiň gözegçiligindäki Trawnewe obasynda, 23-nji noýabr, 2017
Ukrain harbylary hökümetiň gözegçiligindäki Trawnewe obasynda, 23-nji noýabr, 2017

Ukrainanyň harbylary ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistler bilen çaknyşyklarda bäş sany esgeriniň wepat bolandygyny we dördüsiniň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Harbylaryň 24-nji noýabrda aýtmagyna görä, dört esger bir gün ozal Krymske obasynyň golaýynda sekiz sagat çemesi dowam eden ok atyşykda wepat bolupdyr.

Krymske Luhanskdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Luhanskda şu hepdede separatistleriň toparlarynyň arasynda şähere gözegçilik etmek ugrunda dartgynlylyk güýçlendi.

Ukrainanyň jemi dört esgeri 23-nji noýabrda separatistler bilen çaknyşyklarda wepat boldy diýip, harbylar mälim etdiler we sekiz sany separatistiň öldürlendigini we dokuz sanysynyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň harbylarynyň we orsýetçi separatistleriň arasynda Donetsk we Luhansk regionlarynda bolan söweşler zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müňden gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG