Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatlylar prezidenti 'ýokary derejede garşy almaga' taýýarlanýar


 Türkmenabat. Prezidentiň saparyna taýýarlyk. Arhiw suraty.
Türkmenabat. Prezidentiň saparyna taýýarlyk. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabatda şu günler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary derejede garşy almaga taýýarlyk görülýär.

Azatlygyň ýerli çeşmesiniň maglumatyna görä, döwlet baştutanynyň Türkmenabada 28-nji noýabrda iş saparyna gelmegine garaşylýar we bu barada eýýäm ähli edara-kärhanalara, mekdep mugallymlaryndan başlap, hassahanalarda işleýän lukmanlara çenli habar berildi.

“Arkadagy garşy almaly! Taýýarlyk ýokary derejede bolmaly!” diýip, ýurduň prezidentini garşylamagy gurnamaly ýolbaşçylara berk duýduryş berildi.

Tutuş şäherde, şol sanda prezidentiň geçjek esasy köçeleriniň boýunda, mekdeplerde ýowarlar gurnalyp, arassaçylyk, töwerege serenjam bermek işleri geçirilýär.

"Prezidentiň arkasyndan bagty gelen köpri"

Şeýle-de, kanalyň bäşinji bazaryň golaýyndaky köprüsini bejerdiler. Bellemeli ýeri, bu kanalyň üç köprüsi bar we prezidentiň etjek saparynyň arkasyndan olaryň biri düýpden täze we ajaýyp görnüşe eýe boldy diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Kanalyň ikinji köprüsi “Zergär” demirýol stansiýasynyň golaýynda ýerleşýär we ýerli synçylar ýük maşynlarynyň agramly böleginiň şu köprüden geçýändigini, şeýle-de onuň ýeňil maşyn gatnawynyň hem az däldigini aýdýarlar. Emma muňa garamazdan, aýdylmagyna görä, häkimiýetler bu köpri barada ýeterlik alada etmeýärler.

“Netijede, bu köpriniň üstünden gatnaýan ýük ulaglarynyň we ýeňil maşynlaryň sürüjileri her gezek onuň üstüne gelenlerinde allany çagyryp, doga-dileg edip, biribara ýalbarmaly bolýarlar” diýip, ýerli synçylaryň biri aýtdy.

Kanalyň üçünji köprüsi barada aýdylanda, bu demirýol köprüsi we “Zergär” stansiýasyna gelýän otlular hut şonuň üstünden geçýär. “Demirýolçular bu köprä gowy esewan edýärler” diýip, ýerli çeşme habar berdi.

“Häzirki pursatda täze hassahanadan Bäşinji bazara çenli aralykdaky ýollary abadanlaşdyrýarlar we şol bejeriş işleri zerarly hem ýol şu günki güne çenli ýapyklygyna galýar” diýip, çeşme aýdy. “Netijede, 7A marşruty boýunça gatnaýan awtobuslar ýolagçydan ýüklenip, täze bazara “Zergär” stansiýasynyň üstünden, “problemaly” köprüden geçip gidýärler.”

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereginde bir ýere baranda, ol ýa-da beýleki desganyň gurluşygyny gözden geçirende, çärä gatnaşanda, şeýle-de ýurduň regionlaryna iş saparlaryny amala aşyranda, köplenç býujet edaralarynyň işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň, ýaşulularyň gatnaşdyrylmagynda uly dabaralar guralýar, ýollar baglanýar we ýerli ilat, ýönekeý adamlar üçin bir topar amatsyzlyk döredilýär.

Bu mart aýynyň başynda, Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşanda hem şeýle boldy.

Şonuň bilen bir wagtda, ýerli synçylaryň köpüsi regionlardaky, hatda welaýat, etrap merkezlerindäki ýollaryň we köprüleriň uzak ýyllaryň dowamynda idegsiz galýandygyny, bu ýagdaýlaryň käte agyr ýol hadysalaryna, adam heläkçiligine alyp gelýändigini aýdýar.

“Prezidentiň gelmegine görülýän taýýarlygyň çäginde esasy köçeleri bejermek, käbir köprüleri abatlamak üçin edilýän işler bir tarapdan begendirýär, sebäbi köçeleriň we köprüleriň abatlanmagy bu ýerde ýaşaýan adamlar üçin uly zerurlyk” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.

“Emma bu iş diňe prezident gelende we ýönekeý adamlary mugtuna işletmegiň hasabyna däl, eýsem yzygiderli, ýörite plan esasynda we döwletden bölünen serişdäniň hasabyna edilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol ilatyň sowatly-düşünjeli böleginiň çärelerde janly diwar bolmakdan utanýandygyny we ýadandygyny, ene-atalaryň bolsa köpüsiniň çagalaryny şeýle çärelere ibermek islemeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG