Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Fransis Birma we Bangladeşe saparyna başlady


Pop Fransis Birma we Bangladeşe alty günlük saparyna başlady.
Pop Fransis Birma we Bangladeşe alty günlük saparyna başlady.

Rim papasy Fransis 26-njy noýabrda Birma we Bangladeşe alty günlük saparyna başlady, bu oňa dünýäniň iň uly bosgun krizisleriniň birini ýakyndan synlamaga mümkinçilik berer.

Rim papasy Birma sapary mahalynda bu ýurduň goşun başlygy, general Min Aung Hlaing we raýat lideri, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Aung San Suu Kyi bilen duşuşar.

Soňky üç aýyň dowamynda Birmanyň Rahine ştatyndan 620 müňden gowrak rohinga musulmany gaçdy, Birleşen Ştatlar we BMG bu ýurtda bolýan zatlary “etniki arassalaýyş” hökmünde häsiýetlendirdi.

Buddaçylaryň agdyklygyndaky ýurt bolan Birmada möwjän zorlukly wakalar rohinga pitneçileri tarapynda Rahinede edilen hüjümleriň harbylar tarapyndan basylyp ýatyrylmagynyň yzy bilen başlandy.

Birmanyň hökümeti özleriniň asuda adamlary nyşana alýandyklary barada aýdylanlary ret etdiler we öz hereketleriniň jeňçilere garşy gönükdirilendigini aýtdylar.

Rim papasynyň birma ýolbaşçylary bilen duşuşykda rohinga krizisini gozgamagyna garaşylýar.

Ol Birmada 30-njy noýabra çenli bolar we soňra musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan ýurdy Bangladeşe barar.Bu sapar rohinga krizisi ýüze çykmazyndan öň planlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG