Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy ekstremistler “biziň owadan dinimizi” mundan beýläk garalamaz diýip, musulman ýurtlarynyň terrorizme garşy patyşalygyň öňbaşçylygyndaky ýaranlygynyň ilkinji ýokary derejeli duşuşygynda aýtdy.
Mohammed bin Salman 26-njy noýabrda Riýadda toplanan daşary işler ministrlerine we beýleki ýokary derejeli resmilere ýüzlenip, “bu terrorizmiň we ekstremizmiň iň uly howpy biziň söýgüli dinimizi garalamagynda... Biz munuň beýle edilmegine ýol bermeris” diýdi.
"Şu gün biz terrorizm bilen söweşe başlaýarys we biz onuň dünýä ýüzünde köp ugurda, hususan-da musulman ýurtlarynda ymykly ýeňlenini göreris” diýip, ol aýtdy. “Biz ol gutarnykly ýok edilýänçä söweşimizi dowam etdireris.”
Şazadanyň sözleri terrorizme garşy musulman ýaranlygynyň döredilmegine sebäp bolan “Yslam döwleti” toparynyň Yrakdan we Siriýadaky mesgeninden kowlup çykarylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma muňa garamazdan, bu ýaranlyga Eýran, Yrak we Siriýa girmeýär. Ýaranlygyň agzasy bolan Katar bolsa, Doha bilen patyşalygyň ýolbaşçylygyndaky arap ýurtlarynyň arasynda dörän diplomatik gapma-garşylyklardan soň, bir günlük ýygnanyşyga hiç bir wekilini ibermedi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?