Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Awtoulaglar köçede säginmejek bolsa, awtoulaga nädip münmeli?


Aşgabat (Illýustrasiýa)
Aşgabat (Illýustrasiýa)

Hormatly arkadagym!

Aşgabadyň içinde aglabasy halk köpçüliginiň gelim gidimli yerleri bolan bazardyr, edaralaryň gyrasynda awtoulag sürüjilerine säginmek gadagan belligini goýmak bilen haýsy akyla hyzmat edýärsiniz?

Gaileriň şeylelik bilen jübilerini we gündelik dolmaly planlaryny göz öňune tutulyp erbet niyet bilen halky talaňçylykdan başga näme niýet bilen goýlup biler?

Aşgabatda eger awtoulaglar köçede säginmejek bolsa, awtoulaga nädip münmeli? Müneňsoňam nädip düşmeli?

X bellikli belgileri goymadyk köçäniz galdymy? Barjak, düşjek ýeriňde Hudayjan Gai yokdur da enşalla diyip dileg bilen ýaşamalymy?

Giň köçelerimiz barkak bary ýogy 1 mlnluk ýaşayjysy bilen näme üçin sygyşyp bilemzok?

Daşary döwletlere iş saparyna gideniňizde Mulikowy hem äkidip Probkanyň nämedigini görkezdiňizmi? Eger şeyle däl bolsa minstrleriň gözýetimini açmagyňyzy haýyş edýärin.

Çykarýan düzginlerňiz gaty gülkinç!

Ýöne gülmäne ýagdaý galmady.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG