Astananyň sudy adam hukuklaryny goraýjy ýerli aktiwist Mahambet Abžany pul ogurlygynda günäli tapdy we üç ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Gazagystanyň paýtagtynyň Saryarga etrap sudunyň 27-nji noýabrda çykaran kararynda Abžanyň emläginiň elinden alynmagyna görkezme berilýär.
Abžan suduň kararynyň yglan edilmeginiň yzýany eden çykyşynda özüne garşy gozgalan işiň syýasy matlaply bolmagynyň “örän ähtimaldygyny” aýtdy we suduň çykaran kararyndan şikaýat etjegini mälim etdi.
Iýun aýynda tussag edilen aktiwistiň ýaranlary oňa garşy gozgalan işiň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.
Abžan Astanada gurulýan jaýlary satyn almak üçin doly ýa-da bölekleýin töleg eden, emma jaýsyz galan adamlaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça iş alyp barypdy.
2016-njy ýylyň awgust aýynda Saryarga etrap sudy Abžany polisiýany kemsitmek we garşylyk görkezmek aýyplamasynyň esasynda bir ýyllyk şertli “çäkli tussaglyga” höküm edipdi.