Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa çeçen lideri Kadyrowyň wezipesinde galjakdygyny aýtdy


Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrow
Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrow

Kreml Orsýetiň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrowyň, geçen hepdäniň soňunda iş başyndan çekilmeginiň mümkindigi hakda beren beýanatlaryna garamazdan, öz wezipesinde galjakdygyny aýtdy.

41 ýaşly Kadyrow 26-njy noýabrda “Rossiýa 1” telekanalynda giçlik ýaýlyma berlen interwýusynda özüniň wezipeden çekilmegi üçin wagtyň gelip ýetendigini aýtdy.

Ol Kremliň öz ornuny tutjak adamy saýlamalydygyny teklip edip, islenen halatynda, özüniň bu wezipä ukyply birnäçe kandidaty teklip edip biljekdigini bildirdi.

Ýöne Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 27-nji noýabrda žurnalistlere Kadyrowyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ygrarlydygyny we “ýurduň prezidentiniň ondan islän her bir wezipesinde işlejekdigini” aýtdy.

Peskow: “Ol başga zat diýenok. Biz şundan ugur alýarys. Ol [Çeçenistan] respublikasynyň häzirki başlygy bolup galmagy dowam etdirer” diýdi.

Kadyrow “Rossiýa 1” telekanalyna: “Tertip-düzgüni dikeltmek üçin meniň ýaly adamlaryň göreşmegi gerek bolan mahallar bolupdy. Emma indi tertip-düzgün bar” diýdi. Ol şeýle hem iş başyndan çekilmegiň özüniň “arzuw-hyýalydygyny” aýtdy.

Kadyrow: “Ýolbaşçy bolup, Allanyň we ýurduň liderleriniň öňünde halk üçin, respublika üçin jogapkärçilik çekmek gaty kyn iş” diýdi.

Çeçen lideri özüniň Putine ygrarlydyny nygtap, ony “idolym” diýip atlandyryp: “Men onuň ugrunda ölmäge taýyn. Her bir buýruga boýun bolmaga taýyn” diýdi.

Putin Kadyrowy 2007-nji ýylynyň fewral aýynda Çeçenistan regionynyň administrasiýasyna ýolbaşçy edip belläpdi.

Onuň bu wezipä bellenmegi 2011-nji ýylyň mart aýynda Çeçenistanyň parlamenti tarapyndan tassyklandy. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Kadyrow bu wezipä ýene bir bäş ýyl möhlet bilen saýlandy.

Adam hukuklary toparlary we tankytçylar köp wagtdan bäri Kadyrow bilen onuň ýarym harby güýçlerini adam hukuklaryny gödek bozmakda, şol sanda adamlary ogurlamakda, gynamakda we kazyýetde günäsini subut etmezden öldürmekde aýyplap gelýärler.

Kadyrow ýaňy çeçen häkimiýetleri tarapyndan gomoseksuallara edilýän zulum-sütem sebäpli halkara derejesinde ýazgaryldy.

Ýöne ol zulum-sütemiň asla bolmandygyny aýdyp, adam hukuklarynyň bozulýandygy hakda aýdylýan beýleki zatlary-da inkär edýär.

XS
SM
MD
LG