Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň täze prezidenti Orsýeti 'esasy strategik partnýor atlandyrdy


Gyrgyzystanyň täze we öňki prezidentleri Sooronbai Jeenbekow (ç) we Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň täze we öňki prezidentleri Sooronbai Jeenbekow (ç) we Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň täze prezidenti Sooronbai Jeenbekow Orsýeti öz ýurdunyň “esasy strategik partnýory” atlandyrdy, emma prezidentliginiň alty ýyllyk döwründe Orsýet, Hytaý we Günbatar bilen deňagramly gatnaşyk saklajagyny mälim etdi.

“Biziň Orsýet bilen ýaranlyk gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak niýetimiz bar, biziň esasy strategik partnýorymyz bilen, Hytaý hem biziň möhüm strategik we söwda partnýorymyz bolmagynda galýar” diýip Jeenbekow Orsýetiň TASS döwlet agentligine aýtdy.

Jeenbekow 15-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýurt başyndan çekilen prezident Almazbek Atambaýewiň goldawyna eýe bolupdy.

Şeýle-de Jeenbekow Gyrgyzystanyň “strategik we adaty partnýorlarynyň ählisi bilen köp derejeli hyzmatdaşlygyny” dowam etdirjekdigini aýtdy. Gyrgyzystan GDA , Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasy we Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly regional bileleşikleriň ençemesine girýär.

XS
SM
MD
LG