Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda 'elitniý jaý' alanlaryň arasynda, bahasyny eýgermän, yzyna tabşyrýanlar köpelýär


Aşgabat, saýlama jaýlar

Aşgabatda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gurlup, işgärlere uzak möhletli ýeňillikli kredite berlen ýokary amatlykly jaýlaryň eýeleriniň köpüsiniň her aýda tölemeli ipoteka töleglerini töläp bilmeýändikleri we jaýlaryny yzyna tabşyrýanlaryň köpelýändigi aýdylýar.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar özleriniň indi bu tölege gurplarynyň çatmaýandygyny aýdýarlar.

Aeroportyň, Merkezi bankyň, Demirýol we ulaglar ministrligniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligniň, Nebit-gaz ministrliginiň we başga-da birnäçe ministrligiň işgärleri üçin gurlan ýokary amatlykly, il içinde “elitniý” diýlip atlandyrylýan jaýlara jaý alan adamlaryň göçüp baranyna ençeme ýyl boldy

“Türkmenhowaýollaryna", käbir ministrliklere degişli jaýlaryň 5 ýyla çenli töleg tölemesiz edilip berilmegi bu jaýlardan almak isleýän adamlaryň sanynyň aşa köpelmegine alyp geldi we netijede, nobatyny öňe süýşürmek üçin para-peşgeş berenler hem boldy diýip, ýaşaýjylaryň biri adynyň tutulmazlyk şerti bilen Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Döwlet ýolbaşçylary halkyň aladasyny edip, agyr tölegleri geçerler ýa bolmasa tölegi ýeňilleşdirerler öýdüp umyt etdim, emma bu umydym puç çykdy.”
Aşgabatly ýaşaýjy

Onuň tassyklamagyna görä, beýleki ministrlikleriň işgärleri 30 ýyl möhlet bilen berlen jaýlaryň başky 5 ýylynda bankyň kredit üçin alýan göterimini töleýärler, galan 25 ýylyň dowamynda bolsa jaýyň bahasyny tölemeli bolýarlar.

Emma aeroportyň işgärlerine jaý berlende, olaryň 5 ýyllyk tölegden boşadylýandygy aýdyldy. Olara bäş ýyla çenli mugtuna ýaşamaly, soňra jaýyň bahasyny töläp başlamaly diýdiler.

“Bu jaýa göçüp baranlaryň 5 ýyllyk tölegsiz möhleti doldy we indi ýaşaýjylaryň aglabasy jaýyň aýlyk tölegini töläp bilmeýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

5 ýylyň dowamynda bankyň kredit üçin alýan göterimini tölän ýaşaýjylaryň arasynda hem indi jaýyň bahasyny tölemäge gurby çatmaýanlary köpelýär diýip, ýaşaýjylar gürrüň berdiler.

Jaýyň 5 ýyllyk hem ondan aňyrdaky tölegleri jaýyň otaglarynyň sanyna we onuň umumy ýaşaýyş meýdançasyna görä bolup, bankyň kredit üçin alýan göterimi aýda 300 manat töweregi, jaýyň galan 25 ýyllyk bahasy bolsa her aýda, ýarpy bahasyna jaý berlen işgärler üçin 1200-1400 manat aralygyndaky pula düşýär.

Emma jaýy doly bahasyna alan işgärler aýda 2400-2800 manat aralygynda ipoteka tölegini tölemeli.

Elbetde, saýlama jaýlaryň eýeleri ipoteka töleginden başga, jaýyň hyzmatlary üçin hem aýda 200-250 manat aralygynda pul tölemeli bolýarlar. Bu hyzmatlara jaýyň girelgesinde gije-gündiz gözegçilik edýän işgärleriň aýlyk haklary, jaýyň daş-töwereginiň abadançylygy ýaly hyzmatlar girýär.

Aşgabatda gurlan ýokary amatlykly jaýlardan jaý alanlaryň şu günki günde sezewar bolýan maliýe kynçylyklary ýurtda azyk we senagat önümleriniň barha gymmatlaýan, şeýle-de 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berlen ýeňillikleriň ýatyrylan we gaz, suw, elektrik togy ýaly hyzmatlara täze nyrhlaryň bellenen wagtyna gabat geldi.

Ýaşaýjylaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde alýan ujypsyz aýlygy bilen bu hili gymmatbaha jaýyň bahasyny tölemegiň aňsat bolmajagy barada ozalam pikir edendigini boýun aldy:

"Döwlet ýolbaşçylary halkyň aladasyny edip, agyr tölegleri geçerler ýa bolmasa tölegi ýeňilleşdirerler öýdüp umyt etdim, emma bu umydym puç çykdy” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Azatlyga ipoteka tölegleriniň hötdesinden gelip bilmeýän ýaşaýjylaryň öz jaýlaryny gurup beren ministrliklere yzyna gaýtarmaga mejbur bolýandyklary, 5 ýyllap bankyň kredit göterimni tölän we häzir jaýlaryny yzyna tabşyrmaga mejbur bolýan ýaşaýjylara tölän pullarynyň yzyna gaýtarylmaýandygy barada hem maglumatlar gelip gowuşýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG