Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WADA: Orsýetiň dopingi boýun almazlygy onuň olimpik geljegine howp salýar


Dopine garşy bütindünýä agentliginiň (WADA) derňewçisi Riçard MakLaren
Dopine garşy bütindünýä agentliginiň (WADA) derňewçisi Riçard MakLaren

Rus sportunda dopingiň orny hakynda ýaýradylan aýratyn ähmiýetli hasabatyň awtory Orsýetde döwlet özüniň dopinge gatyşygyny inkär etmegini dowam etmek bilen has agyr jezalara töwekgellik edýär diýdi.

Dopine garşy bütindünýä agentliginiň (WADA) derňewçisi Riçard MakLaren 28-nji noýabrda Gollandiýada geçirilen sport konferensiýasynda, Orsýetiň fewral aýynda Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçiriljek Gyşky Oýunlara gatnaşdyrylyp-gatnaşdyrylmazlygy barada Halkara Olimpik komitetiň üstünmizdäki hepde aljak kararynyň öňýany žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, ‘Orsýet hatarly oýna baş goşýar’ diýdi.

“Siz näçe boýun towlamagy dowam etseňiz şonça-da özüňize garşy giriziljek gadagançylyklaryň badyny güýçlendirersiňiz” diýip, MakLaren aýtdy.

Prezident Putinden başlap, ähli rus resmileri öz sportsmenleriniň doping ulanmagyna döwletiň gatnaşmagy barada öňe sürülýän maglumatlary ret edýärler. Bu ýagdaý Orsýetiň onlarça sportsmeniniň soňky iki ýylda sport çärelerinden çetleşdirilmegine getirdi.

Putin geçen aý eden çykyşynda bu aýyplamalaryň 2018-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturysyna zyýan ýetirmek üçin, Birleşen Ştatlary tarapyndan guramalalaşdyrylandygyny ýaňzytdy.

Putin täzeden saýlanmak üçin öz dalaşgärligini heniz resmi ýagdaýda yglan etmedigem bolsa, onuň prezidentlige dalaş etjegine we ýeňiş gazanjagyna garaşylýar.

Orsýetde dopingiň roly barada 2016-njy ýylyň iýul we dekabr aýlarynda çap edilen agramly iki hasabatyň awtory Mak Laren Putiniň Birleşen Ştatlar barada aýdan gürrüňlerine parhsyz garap, “ol gürrüňleriň jany ýok, sebäbi bu iş bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal taýýarlanyldy” diýdi.

MakLareniň eden çykyşy orsýetli prokurorlaryň doping dawasynda esasy jogapkäriň Moskwanyň derman barlaglary laboratoriýasynyň ozalky başlygy Grigoriý Rodçenkowdygyny gaýtalap, ony aýyplamaklarynyň ertesi gününe gabat geldi.

Rodçenkow häkimiýetleriň aýybyny açyp syrlaryny paş etdi we soňra Birleşen Ştatlara gaçyp bardy. Ol o ýerde bukulyp ýaşaýar. MakLaren Rodçenkowyň aýdan köp sanly aýyplamalaryny öz hasabatynda tassyklady.

Ýöne rus häkimiýetleri “eger-de MakLareniň aýdyşy ýaly kimdir biri sportsmenlere derman berip barlag analizleriniň netijelerini manipulýasiýa eden bolsa, muny eden Rodçenkowyň hut özi, başga döwlet resmisi däl” diýýärler.

MakLaren bu aýdylýanlara jogap berende, wezipede işlän döwründe doping hereketlerine baş goşandygyny boýun alan Rodçenkow şeýle möhüm meselede ýalan sözläp Birleşen Ştatlardan kowulmaga razy bolmaz diýip pikir edýändigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, onuň häziriki ýagdaýynda ýalan sözlemegi oňa örän howpy bolar diýip pikir edýärin” diýip, MakLaren belledi.

Ýazan raportlarynda MakLaren Orsýetiň Sport ministrliginiň hem-de FSB-niň howpsuzlyk gulluklarynyň dopingiň döwlet derejesinde ulanylmagyna we munuň ýaşyrylmagyna gatyşandyklaryny aýdýar. MakLaren 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Oýunlarda agzalýan agentlikleriň düzümi dermanly peşew analizleriniň ýerini arassa analizler bilen çalşyrandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG