Sepleriň elýeterliligi

Milletparaz hindiler Britaniýanyň kinoteatrlaryny ýakjakdygy bilen ‘haýbat atýarlar’


"Pamawati" kinofilminden bir pursat

"The Independent" neşriniň ýazmagyna görä, barlyşyksyzlaryň tarapdary hasaplanýan milletparaz hindi toparlaryndan biri Bolliwudyň surata düşüren täze kinofilmini tomaşaçylara görkezjek Britaniýanyň ähli kinoteatrlaryny ýakmak barasynda çagyryş edipdir.

Britaniýanyň kino baha berýän geňeşi (British Board of Film Classification - BBFC) tarapyndan "12A" reýtingi bilen halka hödürlenen taryhy temada surata düşürilen "Padmawati" atly kinofilmde 14-nji asyryň meşhur şazadasy Padmininiň durmuşy suratlandyrylýar. Ýöne ol kinofilmiň taryha bap gelip-gelmeýän taraplary uly jedellere sebäp bolýar.

Söweşiji Rajput taýpasyna degişli bolan Rajput Karni Sena topary bolsa, ol kinofilmiň esasyny goýanlaryň şazada bilen musulman basybaljynyň arasyndaky söýgini suratlandyrmak bilen taryhy hakykaty ýoýandygyny öňe sürýär. Ol topar şonuň ýaly-da aýdym aýdýan mahaly şazadanyň garnynyň we biliniň töwereginiň ýalaňaç ýagdaýda görkezilmegine hem närazylyk bildirýär.

Kino muşdaklarynyň eýýäm köp wagtdan bäri uly gyzyklanma bilen garaşýan ol kinofilminiň halka hödürlenmegi Hindistanyň hökümetdäki esasy partiýasyndan bolan bir syýasatçynyň baş roly oýnaýan Dipika Padukonen bilen režissýor Lila Bansaliniň kellesini getirene 1,5 million amerikan dollary sylag berjegini duýdurmagyndan soň yza süýşürilipdir.

Kinofilmde öňe sürülýän zatlaryň görkezilmeýändigi nygtalýanam bolsa, bu ony taýýarlanlara garşy atylýan haýbatlaryň öňüni almaga peýda bermändir.

Ahyrynda Rajput Karni Sena toparynyň baştutany Suhdew Singh ol kinofilme garşy Britaniýa şalygyna "çäre" görmegi barasynda çagyryş edipdir.

Ol "Republik" telekanalyna beren interwýusynda: "Men Birleşen şalykdaky ähli hindileri we ylaýta-da biziň jemgyýetimizden bolan doganlarymyzyň bu kinofilmiň görkezilmegine garşy güýçli närazylyk bildirmäge çagyrýaryn. Men olara bu kinofilmi görkezen kinoteatryň hökman ýakylmagyny aýtdym" diýipdir.

"The Independendt" gazeti Hindistanyň hökümet organlary Singhiň daşary ýurt pasportyny elinden alany üçin, idni onuň Britaniýa gidip bilmejekdigini ýazýar.

Başga bir hindi topary bolsa bu kinofilmi Hindistanda görkezjek ähli kinoteatrlary ýakjagyny aýdyp haýbat atypdyr. Ol topar şonuň ýaly-da özlerinde "gylyçdan tutup, tä "Kalaşnikow" kysymly tüpeňlere çenli" gerek bolan ähli ýaragyň barygyny duýdurypdyr.

"The Independendt" gazeti ol kinofilm surata düşürilýän wagtynda, yzygiderli hüjümlere duçar bolandygyny we hatda bir gezekde kino sahnasynyň dargadylyp, režissýor Bansaliniň ýenjilendigini ýazýar.

Golaýda Hindistanyň primýer ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky Baratiýa Janata milletparaz partiýanyň media guramaçysy bolan Surajpal Amu märekäniň jemlenen ýygnanyşygynda, Padukone we Bansaliniň kellesini getirene 10 million rupi (1,5 milliýon amerikan dollary) baýrak berjegini yglan edipdir.

Amu bu beýannamasyny şol bir wagtyň özünde "The Indian Ekspress" atly gazete hem beripdir.

Syýasatçy ol filimiň belli bölümleriniň kesilip aýrylmagy şerti bilen özüniň ylalaşmaýandygyny mälim edipdir.

Dogrusy, ondan soň hökümetdäki esasy partiýanyň resmileri Amunyň aýdanlaryny berk ýazgaryp, oňa garşy kanuny çäräniň görüljegi aýdylypdyr. Emma welin jenap Modiniň özi bu meselä hiç hili goşulmandyr.

"Başy belaly" kinofilmde baş rolda oýnaýan Padukone bolsa: "Bu durşy bilen masgaraçylykdyr. Biziň halkymyz, görüň-bakyň, nähili ýagdaýa düşüpdir..." diýipdir.

Ol soň sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir: "Biziň öňünde jogap bermeli adamlarymyz senzura geňeşinde oturanlardyr. Men olaryň bu kinofilmiň halka hödürlenmeginiň öňüni hiç hili alyp bilmejegine berk ynanýaryn".

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG