Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Starbucks Coffee” ýapylyp, deregine täze kofehana açyldy


Aşgabatda dünýä belli “Starbucks Coffee” ady bilen açylan öňki kofehana

Aşgabatda dünýä belli “Starbucks Coffee” ady bilen açylan kofehana ýapylyp, onuň deregine “Stadion” ady bilen täze kofehana açyldy.

Bu waka Aşgabatda “Starbucks Coffee” ady bilen açylan kofehananyň galpdygy we onuň esasy merkezi kärhana bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugy dogrusynda maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Paýtagtyň “Bagytýarlyk” söwda merkezinde ýerleşen “Starbucks Coffee” atly bu kofehana mundan 16 gün çemesi ozal ýapylyp, ony alamatlandyrýan ähli ýazgylar, nyşanlar aýryldy. Şeýle-de, kofehanada süýji-köke we kofe önümleri salnyp berilýän ýörite “Starbucks” ýazgyly gap-gaçlar hem ýitirim boldy.

Mundan 10 gün ozal “Starbucks Coffee” atly kofehananyň ýerleşen ýerinde “Stadion” atly täze kofehana açyldy. Ol ýerde bolanlaryň aýtmagyna görä, täze kofehanada hem müşderilere “Starbucks Coffee-daky” ýaly kofeler, süýji-köke önümleri hödürlenýär. Emma bu kofehananyň gap-gaçlarynda “Starbucks Coffee” kofehanasyndaky ýaly ýörite nyşanlar ýok.

“Starbucks Coffee” ady bilen açylan kofehananyň ýapylyp, onuň deregine “Stadion” atly täze kofehananyň açylmagynyň sebäpleri barada bu ýerde işleýän işgärler ýa-da “Bagtyýarlyk” söwda merkeziniň resmileri tarapyndan häzirlikçe haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Emma öň “Starbucks Coffee” atly kofehanada işlän jogapkär resmileriň biri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, media serişdelerinde bu kofehananyň galpdygy we esasy merkezi kärhana bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugy dogrusynda çykan maglumatlardan soň ýapylandygyny tassyklady.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän “Atawatan Türkmenistan” neşiri paýtagtyň “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde “Starbucks Coffee” kofehanasynyň açylandygy barada makala çap etdi. Şeýle-de, sentýabr aýynyň başynda YouTube Saýtynda “dünýä belli Starbucks indi Aşgabatda” diýen mahabat şekilli wideoýazgy hem peýda boldy.

Şondan soň, has takygy şu ýylyň sentýabr aýynyň 5-ne “Eurasianet” neşiri Aşgabatda açylan kofehananyň resmi “Starbucks Coffee” bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny anyklandygyny habar berdi. Şonda neşir özüniň hakyky "Starbucks-yň” wekilleri bilen habarlaşandygyny we Aşgabatda öz kofehanasyny açyp-açmandygyny tassyklamagy sorandygyny ýazdy.

“Men biziň [Sturbucks-yň] Türkmenistanda hiç hili dükanynyň ýokdugyny tassyklaýaryn” diýip, kärhananyň media boýunça wekili Jeými Raýli (Jaime Riley) “Eurasianet” neşirine aýdypdyr.

Mundanam başga, Starbucks-yň dünýäniň 70 ýurdundaky 24 müňden gowrak dükanyny görkezýän tilsimatda, kärhananyň Türkmenistanda nähilidir bir kofehanasy görkezilmeýär.

Galyberse-de, “Eurasianet” neşiri Türkmenistandaky ýaly ýapyk ykdysadyýetde döwletiň goldawy bolmazdan, telekeçilik etmegiň tas mümkin däldigini belläp, galp “Starbucks Coffee” kofehanasynyň eýesiniň kimdigi baradaky soragy-da orta atypdy.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistan awtorçylyk hukuklaryny goraýan Berne konwensiýasynyň agzasydyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG