Sepleriň elýeterliligi

AI Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň maşgalalarynyň gynalýandygyny aýdýar


Türkmen tussaglary

Halkara Günä geçiş guramasy 30-nju noýabrda “Togtadylan ömürler: Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň maşgalalarynyň gynalmagy” diýen at bilen beýanat çap etdi.

“Elbetde, 15 ýyllap öz kakamyň ykbaly barada hiç zat bilmän ýaşamak meniň üçin örän kyn boldy, bu biz üçin iň aýylganç gynag, ýöne şindem umydymyz bar” diýip, beýanatyň başynda mejbury ýitirim edilenleriň biri Rüstem Jumaýewiň ogly Umed Uljabaýewiňaýdan sözleri getirilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň janyna kast ediş synanyşygy diýilýäniň bolanyna 15 ýyl doldy, emma şol iş bilen baglylykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglgyna höküm edilen adamlaryň maşgala agzalary şindem öz ärleriniň, doganlarynyň, kakalarynyň we ogullarynyň ykbaly, olaryň nirede saklanylýandygy barada habara garaşýarlar diýip, AI ýazýar.

Kast ediş synanyşygy diýilýän bilen bagly zorlukly ýitirim edilmäge sezewar bolanlaryň azyndan 80 sanysynyň ykbaly indi 15 ýyl bäri näbelliligine galýar. Türkmen häkimiýetleri olar baradaky maglumatlaryň ählisini gizlinlikde, aýan etmän saklaýarlar we sud edilenleriň maşgalalaryna hiç bir resmi dokumenti, hatda sud hökümleriniň göçürmelerini hem bermeýärler.

Ýitirim bolanlaryň garyndaşlary, olaryň köpüsi aýallar, uzak-uzak ýyllaryny hakykat we adalat gözlerinde geçirdiler.

Halkara günä geçiş guramasynyň beýanatynda Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlaryň hossarlarynyň başdan geçirenleri hem, olaryň öz sözleri esasynda gürrüň berilýär.

“Tatýana Şyhmyradowynyň, Darýa Atdaýewanyň we beýlekileriň tejribeleri zorlukly ýitirim edilmegiň soňy gelmeýän jenaýatdygyny görkezýär” diýip, beýanatda aýdylýar.

Tatýana Şyhmyradowa öz adamsynyň ykbalyny anyklamak ugrunda irginsiz tagalla edýär. Onuň adamsy, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow 2002-nji ýylyň dekabryndan bäri ýitirim, ýagny ol hakynda maşgalasyna hiç bir zat mälim däl. Tatýana ony soňky gezek 2002-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen telewideniýesiniň ekranynda üstüne ýüklenen günäni boýun alýan we özüni näletleýän görnüşde gördi. Şondan bäri onuň nirede saklanylýandygy barada hiç birresmi maglumat berilmedi.

“Tatýana Şyhmyradowa sansyz hat ýazdy, dürli aksiýalara we kampaniýalara goşuldy, türkmen häkimiýetlerine gaýta-gaýta ýazmaça ýüz tutdy” diýip beýanatda bellenilýär.

Ahyrynda bu işe BMG-niň Adam hukuklary komitetinde seredildi we netijede bu komitet 2014-nji ýylda, 12 ýyl soňra Tatýana Şyhmyradowanyň hukuklarynyň Raýat we syýasy hukuklar boýunça halkara konwensiýanyň 7-nji maddasy esasynda bozulandygy baradaky karara geldi. Bu madda adamyň gynalmagyny we beýleki gazaply çemeleşmeleri, oňa adamkärçiliksiz ýa kemsidiji daramagy gadagan edýär.

Öz adamymyň ykbaly barada bolmanda bir zady anyklamak üçin çytraşyp geçiren uzak ýyllarym maňa bir zady – resmi bolmadyk islendik maglumatdan gaçmagy öwretdi” diýip, Şyhmyradowa aýdýar. “Men diňe resmi maglumatlary almaga çalyşýaryn, özem meni bu işiň netijesizdigine hiç kim ynandyryp bilmez” diýip, öňki ministriň aýaly belleýär.

Ol Boris Şyhmyradowyň azatlykdan mahrum edilmek hökümi yglan edilen gününden başlap, diňe onuň saklanylýan ýerini we hal-ahwalyny anyklamaga çalyşman, eýsem dokumentleri - hökümiň göçürmesini hem almaga çalyşýar. Türkmen kanunçylygy esasynda, muňa onuň kanuny haky bar.

Dünýäniň onlarça hukuk goraýjy guramasynyň koalisiýasy netijesinde, türkmen türmelerinde diri ýitenler barada “Olary diri görkeziň” diýen at bilen kampaniýa alyp barýan hukuk goraýjylar Türkmenistanda öňki prezident S.Nyýazow döwründe başlanan zorlukly ýitirim edilmeleriň häzirli prezident döwründe hem dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň raýaty Annamyrat Atdaýew türkmen türmesinde 2017-nji ýylyň ýanwarynda ýitirim boldy. Halkara günä geçiş guramasy ony garyndaşlarynyň görmänine bir ýyla golaý wagt geçendigini belleýär.

AI 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Annamyrat Atdaýewiň sudunyň adalatly bolmandygyny, onuň öz saýlan aklawçysy bilen üpjün edilmändigini wegaryndaşlarynyň öňünden sud zalyna goýberilmändigini belleýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri 15 ýyllap zorlukly ýitirim etmek praktikasyny bes etmediler we bu ugurdaky şikaýatlary derňemekden ýa-da tussag edilenleriň nirede saklanylýandygy ýa soňky ykballary barada maglumatbermekden ýüz öwürdiler, halkara hukuk guramalary tarapyndan berlen rekomendasiýalara göz ýumdular" diýip, AI Türkmenistandaky ýitirim edilmeleriň 15 ýyllygyna gabat ýaradan beýanatynda aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG