Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hususy dermanhanalar ýapylyp başlandy


Dermanhana

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hususy dermanhanalaryň birnäçesiniň ýapylyp başlandygy barada maglumatlar bar.

Aşgabadyň Howdan ýaşaýyş massiwinde Ankara köçesiniň ugrundaky hususy dermanhananyň ýapylandygyny aýdyp, aşgabatly ýaşaýjysy Sona şeýle diýýär.

“Döwlet dermanhanalaryna garanda, bu dermanhanada käbir dermanyň bahasy ep-esli arzandy. Döwlete degişli dermanhanalarda tabylmaýan däri-dermany olardan haýyş etmek mümkindi. Öýümize-de golaý bolansoň, bu dermanhananyň hyzmatyndan peýdalanýardyk. Emma ol indi bir aý gowrak wagtbäri öz işini togtatdy”.

Hususy dermanhananyň öz işini togtatmagynyň esasy sebäbi daşary ýurtlardan gelýän dermanlar üçin gerekli möçberde döwlet tarapyndan konwertasiýa edilmeýänligi sebäp diýen maglumatlar bar. Ýöne esasy sebäbiň olarda dermanlaryň arzanrak satylýandygy üçin, döwlet dermanhanalaryň söwdasynyň pese düşmegi bilen baglydygyny aýdýan ýaşaýjylaram bar.

Hususy dermanhanalaryň Balkan welaýatynda-da, Mary welaýatynda-da birnäçesiniň ýapylandygyny ol welaýatyň ýaşaýjylaryndan eşitmek bolýar. “Bu bolsa ýarawsyz adamlara däri-dermany saýlamaga mümkinçilik bermeýär” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG