Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropadaky owganystanly türkmenleriň jemgyýetçilik problemalary


Owganystan. Balh welaýaty, şybyrganly türkmenler

Golaýda Ženewada BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň azlyklar temasyna bagyşlanan ýygnagy geçirildi we ol ýygnaga Ýewropadaky eýranly türkmenleriň jemgyýet we guramalar derejesinde gatnaşandygy, owganystanly türkmenleriň bolsa diňe bir wekil bilen gatnaşandygy habar berilýär.

Ýewropadaky türkmen diasporasynyň arasynda eýranly türkmenleriň syýasy, jemgyýetçilik hem medeni işlerde öz guramadyr jemgyýetleri bilen has işjeň hereket edýändigi aýdylýar.

Eýsem, Ýewropadaky owganystanly türkmenleriň diasporasy näme üçin edil eýranly türkmenler ýaly guramaçylykly hereket edip bilmeýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Ýewropadaky owganystanly türkmenleriň başdan geçirýän jemgyýetçilik problemalaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu tema barasyndaky öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Ýewropadaky owganystanly türkmenleriň jemgiýetçilik problemalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG