Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan: Jelalabat partlamasynda azyndan bäş adam öldürildi


Jelalabat, partlama bolan ýer. Arhiw suraty.

Owgan resmileri janyndan geçen bombaçylaryň motorly guran hüjüminde azyndan bäş adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Gündogardaky Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi 3-nji dekabrda Jelalabat stadionynda guralan hüjümde sekiz adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Attahullah Khogyani bu partlamanyň hökümet tarapdarlaryndan doldurylan stadionda hökümetiň goldawyna geçirilen ýygnanyşykdan soň bolandygyny aýtdy.

2-nji dekabrda Jelalabatda aňtaw gullugynyň iki agzasy, şol sanda Jelalabadyň aňtaw gullugynyň direktory bomba hüjümleriniň pidasy boldy. Bu hüjümler “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Jelalabatdaky agzalaryndan görülýär.

Hususy tele-radio stansiýasynyň golaýynda bolan partlamalarda 10 adam, şol sanda esgerler we graždan adamlar ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG