Halkara Olimpiýa komitetiniň (IOC) Orsýetiň dopingi döwlet derejesinde goldamagy baradaky çaklamalaryň esasynda ýurduň fewral aýyndaky gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna gadagançylyk girizip-girizmezlik barada kararyny 5-nji dekabrda çykarmagyna garaşylýar.
Halkara Olimpiýa komiteti geçmişde diňe aýra-başga sport bileleşikleri babatynda karar çykaryp, şeýle tutuş gadagançylyk boýunça karara gelmändi.
Orsýetiň 25 çemesi raýatyna 2018-nji ýylyň olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak gadagan edildi, sebäbi Halkara Olimpiýa komiteti olaryň Soçidäki oýunlarda gadagan edilen dermanlary ulanandygy hakynda karar çykardy.
Orsýetiň prezidenti we beýleki resmileri sportsmenleriň doping ulanmagyna döwletiň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýärler. Bu aýyplamalar soňky iki ýylyň dowamynda onlarça orsýetli sportsmeniň iri halkara çärelerine gatnaşmagynyň gadagan edilmegine getirdi.