Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda iş orunlary ‘30% kemeldilýär’


Türkmenistandaky döwlet edaralarynyň biriniň öňünde duran raýatlar
Türkmenistandaky döwlet edaralarynyň biriniň öňünde duran raýatlar

Türkmenistanyň döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ähli edara-guramalara, şol sanda nebit-gaz pudagyna degişli kärhanalara şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan iş orunlaryny 30% kemeltmek barada ýokardan görkezme gelip gowuşdy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

4-nji dekabrda bu neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, şeýle görkezmäniň ýurduň orta mekdeplerine-de gelip gowuşmandygyny we mugallymlaryň iş orunlaryny kemeltmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny belleýär.

“Ýöne muňa derek mekdep direktorlaryndan pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlary pensiýa ugratmak talap edilýär. Munuň üstesine-de, ýurduň Bilim ministrligi käbir çagalar baglaryny ýapmak barada karar kabul etdi” diýip, neşir ýapyljak çagalar baglaryndaky terbiýeçileriň käbiriniň beýleki çagalar baglaryna işe geçiriljekdigini, galan böleginiň işden boşadyljakdygyny ýazýar.

Türkmenistanda döwletden aýlyk alýan edara-guramalaryň, şol sanda nebit-gaz pudagyna degişli kärhanalaryň ençemesine işgärleriň sanyny kemeltmek barada ýokardan görkezmäniň berilendigini Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklaýarlar. Emma olar işden boşadyljak işgärleriniň sany ýa-da prosent görkezijisi barada anyk maglumatyň elýeterli däldigini belleýärler.

“Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň sanyny azaltmak hakynda welaýat, şäher, etrap düzümlerine, ýagny departamentlerine görkezme berlipdir. Bu esasanam Içeri işler ministrliginiň ýol hereketine gözegçilik gullugy bilen bagly pudagynda işleýän, il içinde ‘awtoinspektorlar’ diýilýär. Şularyň sany azaldyljakmyşyn, beýleki gulluklardanam azaldyljaklar bar. Ýöne Içeri işler ministrliginiň guramalaryndan esasan köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugyň işgärleri azaldyljak” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew döwlet işgärleriniň onlarçasyna salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol ýurduň Dokma senagaty pudagynda, şol sanda Aşgabadyň günortasyndaky Dokma fabriginde, Daşoguz hem-de Baýramaly şäherlerindäki çigit ýagyny öndürýän zawodlarda, nebit-gaz pudagyna degişli edara-kärhanalarda işgärleriň sanynyň kemeldiljekdigi barada duýduryş işleriniň geçirilendigini belledi.

Aýdylmagyna görä, bu edara-kärhanalaryň resmileri işgärleriň işden çykarylmagyny işleriň awtomatizasiýanyň, ýagny adam ornuna kämil tehnikadan peýdalanmak tejribesiniň ornaşdyrylmagy bilen düşündirýärler.

Azatlygyň paýtagtdaky ýene bir çeşmesiniň tassyklamagyna görä, işgärleriň işden boşadylmagy bilen baglanyşykly tejribe “Coca-Cola Türkmenistan” kärhanasynda hem amala aşyrylyp, bu ýerde “Coca-Cola” önümlerini öndürijiler işden boşadylypdyr. Emma bu maglumaty häzirlikçe “Coca-Cola Türkmenistan” kärhanasy ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda iş orunlaryny kemeltmek ýa-da doly iş stawkasyndan ýarym iş stawkasyna geçirmek tejribesi iki ýyldan köpräk wagt bäri dowam edip, soňky aýlarda bu çäräniň gaýtadan güýçlenýändigine üns çekilýär.

Geçen aýyň 14-ne Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri öňümizdäki ýylyň 1-nji ýanwaryndan işgärleriň sanyny düýpli kemeltmek barada eýýäm azyndan alty edara-kärhana duýduryş berlendigini habar beripdiler. Noýabr aýynyň başyndan bolsa, Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklaryndaky edara-kärhanalara pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda görkezme berýän teklip hatlary ugradylyp başlandy.

Ýurtda döwlete degişli käbir pudak kärhanalarynyň sanynyň we iş orunlarynyň kemeldilmegi barada türkmen resmileri we media serişdeleri tarapyndan aç-açan maglumat ýa-da düşündiriş berilmese-de, bu waka dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG