Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Parahatda ýyladyş sistemasy gündizlerine öçürilýär


Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky köpgatly jaýlaryň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky köpgatly jaýlaryň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda howanyň sowuklygy gündizlerine 1 we gijelerine -5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, paýtagtyň Parahat etrapçalaryndaky ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş sistemasynyň gündizlerine öçürilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu bökdençlik Parahat 1,2 we 3 etrapçalarynyň ähli sebitlerinde gaýtalanyp, bu ýagdaý indi bir hepde çemesi wagt bäri dowam edýär.

“Indi ilata ýyladyşy berýän merkezleriň birnäçesini gündizine öçürýärler. Bu öçürme adatça irden sagat 6-7 töwereginde bolýar. Şolar agşam sagat 8-9-a çenli öçük durýar. Onsoň jaýlaryň içi buz ýaly. Hamana, Aşgabatda diňe gijelerine gyş bolup, gündizlerine tomus bolýan ýaly edilýän akyla sygmajak hereket” diýip, Aşgabadyň Parahat etrapçasynda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Aýdylmagyna görä, Parahat etrapçalaryndaky öý dolandyryş edaralary ýa-da köpgatly jaýlary ýyladyş bilen üpjün edýän merkezler gündizlerine umumy peçleriň öçürilmeginiň sebäplerini turbalarda emele gelen näsazlyklar bilen düşündirýärler.

“Adamlar ‘näme üçin gijelerine turbalar döwlenok-da, ala-böle gündizlerine ýarylýar ýa-da hatardan çykýar?’ diýip soranda, olar belli jogap bermän, [näsazlygyň sebäplerini] biri-biriniň üstüne atýarlar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ol paýtagtyň demirýol wokzalynyň günorta-demirgazygyndaky döwlete degişli kommunal jaýlarda ýyladyş sistemasynyň asla işlemeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi Aşgabadyň köpgatly jaýlarynda ýyladyş sistemasynyň talabalaýyk işlemezligi bilen baglanyşykly tejribäniň mundan öňki ýyllarda hem gaýtalanandygyny, şol döwürde ilatyň elektrik togy bilen işleýän peçlerden peýdalanandygyny aýdýarlar.

Ýöne olar ýurtda 1-nji noýabrdan başlap, hökümetiň ilata berilýän sosial goldawy azaltmagy, ýagny tebigy gaz, suw we elektrik togy üçin täze nyrhlary girizmegi bilen indi ilatyň elektrik peçleri ulanmakdan hem saklanýandygyny belleýärler.

Mundanam başga, ýaşaýjylar geçen aýyň başyndan ýaşaýyş jaýlaryň kommunal tölegleriniň hem ýokarlandyrylandygyna, ýyladyş sistemasy üçin täze tölegiň girizilendigine garamazdan, bu babatda ilata berilýän hyzmatyň hiliniň pes bolmagynda galýandygyna ünsi çekýärler.

“Her aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdany üçin, öň 12 teňňe tölenen bolsa, indi 50 teňňe edildi. Aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdanyny ýylatmak üçin bolsa, 10 teňňe möçberinde töleg girizildi. Öňki tölegler ýokarlandyrylyp, ýene-de täze tölegler hem girizilýär, ýöne ilata berilýän hyzmatyň hili gowulanman, gaýtam ýaramazlaşýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran, Parahat 2 etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň birinde turbalary çalyşmak bilen bagly gazuw işleri geçirilýär.
Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň birinde turbalary çalyşmak bilen bagly gazuw işleri geçirilýär.

Galyberse-de, soňky ýyllarda Aşgabadyň häkimiýetleri “ýyladyş turbalaryny çalyşmak” üçin diýip, abat köçeleri bibatlap, ýygy-ýygydan gazuw işlerini hem geçirýärler.

Emma olar turbalaryň gaýta-gaýta çalşyrylmagynyň sebäpleri we oňa sarp edilýän maliýe serişdeleri, şeýle-de ýyladyş sistemalarynyň kadaly işlemezligi barada häzirlikçe ilat köpçüligine maglumat bermän gelýärler. Şeýle-de, bu barada ýurduň metbugatynda hem henize çenli mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG