Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bodrumda ýene bir türkmen zenany ýaranlary bilen ten söwdasynda tutuldy


Türkiýäniň Bodrum sebiti
Türkiýäniň Bodrum sebiti

Türkiýede ten söwdasynda tutulýan türkmenistanly migrantlar barasynda yzygiderli habarlar çykmagy dowam edýär. Türkiýäniň habar beriş serişdelerinde ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly zenanlaryň Bodrum şäherinde şol bir ýerde yzygiderli ýagdaýda ele salynýandygyna aýratyn üns çekilýär.

Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän meşhur turizm şäheri bolan Bodrumda 2-nji noýabrda gurnalan operasiýada ten söwdasynda aýyplanýan bir türkmenistanly zenan, 5 ýarany we olara araçylyk eden 3 adam göz astyna alyndy.

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň polisiniň howpsuzlyk bölüminiň işgärleri bir aýa golaý wagtlap yzarlan aýallarynyň ten söwdasy bilen meşgullanýandygyny doly anyklandan soň, Gümbet mähellesinde ýerleşýän bir apart myhmanhana operasiýa gurnaýar. Operasiýada ten söwdasy bilen meşgullanýan biri türkmenistanly, 3 sanysy gyrgyzystanly we 2 sanysy gazagystanly jemi 6 sany daşary ýurtly zenan ele salynýar.

Ýerli çeşmeleriň beren maglumatynda, polisdäki işleri tamamlanandan soň, Mugla welaýatynyň migrasiýa gullugynyň ygtyýaryna tabşyryljak daşary ýurtly zenanlaryň öz ýurtlaryna deportasiýa ediljegi bildirilýär.

Türkmen migrant zenan bilen gyrgyzystanly we gazagystanly ýaranlarynyň ten söwdasyny gurnamakda aýyplanyp göz astyna alynan biri zenan türk raýaty 3 adamyň bolsa kazyýete iberilendigi nygtalýar.

Howpsuzlyk çeşmeleri bolsa, migrant zenanlaryň ten söwdasy bilen meşgullanmagy üçin olary yzygiderli ýagdaýda Türkiýä iberýän daşary ýurtdaky bir guramaçy zenan barasynda bolsa Interpolyň üstünden tussaglyk kararynyň talap ediljekdigini aýdýar.

Ýatlap geçsek, türk mediasynda çykan habarlarda mundan owal hem birnäçe gezek Bodrum şäheriniň Gümbet mähellesinde gurnalan operasiýalarda ten söwdasynda aýyplanýan türkmen zenanlarynyň ýaranlary bilen bilelikde tussag edilendigi maglumat berlipdi.

Türkiýäniň “Milliýet” gazeti, türk polisiniň 28-nji oktýabrda Bodrum şäheriniň Gümbet diýen ýerindäki bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasynda güman edilýän türkmenistanly K.S. atly zenany, gyrgyzystanly Z.A, K.S, A.G. we russiýaly K.S. atly zenany migrant ýaranlary bilen bilelikde göz astyna alyp, olaryň deportasiýa edilmegine karar beripdi.

Şonuň ýaly-da türk polisi şu ýylyň iýun aýynyň ortasynda hem ýene Bodrum şäheriniň şol bir ýerinde, ýagny Gümbet mähellesindäki bir myhmanhanada ten söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanýan türkmenistanly bir zenan bilen onuň üç gyrgyzystanly we iki hem russiýaly ýaranyny iki hepdeläp tehniki hem fiziki görnüşde yzarlandan soň, olardan üç sanysyny bir awtoulagyň içinde jynsy gatnaşykdaka, ýene iki sanysyny hem raýat geýimli polisiýa işgärleri bilen ten söwdasyny edýän mahaly ele salypdy.

Beýleki tarapdan, "Hürriýet” gazetinde çap edilen başga bir habarda, Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmara Ereglisi etrabynyň žandarm gullugynyň işgärleriniň 16-njy awgust gijesi gurnan operasiýasynda, Ýenijiftlik we Sultanköý atly mähellelerde ýerleşýän gijeki klublarda we myhmanhanalarda ten söwdasyny edýän, şeýle-de bikanun ýagdaýda işledilýän jemi 28 daşary ýurtly zenany ele salandygy mälim edilipdi.

Şonda saglyk barlagyndan geçirilen zenanlardan U.H. atly türkmenistanly raýatda SPID keseline sebäp bolýan HIV wirusynyň bardygy, türkmenistanly T.P. atly zenan bilen özbegistanly D.J. atly zenanda bolsa sifilis keseliniň bardygy metbugat beýannamasynda aýan edilipdi.

XS
SM
MD
LG