Sopular hem musulmanlyk ygtykadyna eýerýärler we olar Allany öz içki dünýäsinden gözleýändigini aýdýarlar.
Yslam äleminde poeziýanyň iň ajaýyp nusgalaryny döredenleriň aglaba köpçüligi hem sopy şahyrlar bolupdyr.
"New York Times" gazeti soňky ýyllarda sopuçylyk ýoluny dowam etdirýänleriň yzygiderli hüjümlere duçar bolýandygyny ýazýar.
Müsürde 17-nji noýabrda juma güni sopularyň metjidine gurnalan terrorçylykly hüjümde 230-dan gowrak adam ölüpdi.
Bu waka Müsüriň häzirki zaman taryhynda edilen iň gandöküşikli hüjüm hasaplanýar.
Soňky bir ýylyň dowamynda Pakistanda hem sopularyň ybadat ýerlerine hüjümler gurnalýar.
Şeýle hüjümleriň baryny sünni ekstremistleri amala aşyrýarlar. Aslynda sopularyň aglaba köpçüligi diýen ýaly sünni bolup, diňe ujypsyzja bölegi saýydyr.
"Tasawwuf" ugry, ýagny dini pelsepe ýoly ýaly hasaplanýan sopuçylyk kämahal yslam dinindäki tarykatlaryň biri ýaly hasaplanýar.
Sopular Alla ybadat etmegiň diňe dini çäreler, namaz, agyz beklemek, haja gitmek bilen çäklenmeli däldigini öňe sürýärler. Olaryň garaýşyna görä, adamlar hemişe öz ruhuny päk tutmaga dalaş etmeli, nebsini jylawlamaly, pany dünýäniň keýpine hem näz-nygmatlaryna bendi bolman, özüni Taňra gowuşjak pursada taýýarlamalydyr.
12-nji asyrda başlan sopuçylyk hereketi ondan soň Gündogarda diýseň ýaýrawly bolupdyr.
Şeýlelikde, sopuçylyk demirgazyk Afrikadan Hytaýa çenli ýörgünli ýagdaýa gelipdir. Sopulyk bu sebitlerdäki halklaryň medeniýetine hem aralaşyp, onuň bilen utgaşyp gidipdir.
Miçigan uniwersitetinde yslamy öwrenýän professor Aleksandr D. Knyşyň aýtmagyna görä, sünnileriň arasynda bolşy ýaly, şaýylaryň arasynda hem sopuçylyk diýseň ýaýrawly amorf bir hereketdir.
Medeni döwürde sopuçylyk her hili radikallykdan we zalymlykdan gaça durýan parahatçylygy söýüji bir dünýägaraýyşyň görnüşidir.
Şonuň üçinem ony hoşmeýilli yslamyň iň esasy nusgasy hasaplaýarlar. Radikal yslamçylar bolsa sopulary "kapyr" we olaryň adatlaryny, dini çärelerini bolsa yslama gabat gelmeýän zatlar hasap edýärler.
Şu ýylyň fewral aýynda "Yslam döwleti" topary Pakistanda sopy filosoflaryň guburlaryna hüjüm gurnap, ol ýere zyýarata gelen 80 adamy hem öldüripdi.
Radikal yslamçylar mazar zyýaratlaryny, pirlere we aramgählere baryp yrymlar edilmegini olaryň Alla şärik edilmegi hasaplaýarlar.
Yslam dininde mazar zyýaraty we keramatly adamlaryň aramgählerine çokunmak adaty ýokdur. Şol sanda Muhammet pygamberiň guburyna hem şeýle garaýyşda çemeleşilýär.
"Yslam döwleti" we "Al-Kaida" toparlary sopulary ykrar etmän, ýazgaryp, bu ugurda şeýle sowaly öňe sürýärler:
Zyýaratgählere, aramgählere, pirlere ýykylmak ýaly işlere baş goýmalymy, ýogsa-da ABŞ we Ýewropa ýurtlary ýaly "beýik maksatlara" ümzükmelimi?
Yrak urşundan owal "Yslam döwleti" toparynyň düýbi hasaplanýan guramalar mezhepleriň arasynda oňşuksyzlyk döretmek üçin, şaýylaryň zyýaratgählerini dargadanda, Al-Kaidanyň baştutany Abu Musab al-Zarkawi ony tankyt edipdi.
2012-nji ýylda bolsa Al-Kaida degişli ýaragly toparlar Malide sopy zyýaratgählerini dargadypdy. Emma soň olaryň şeýle işi Al-Kaidadan birugsat edendigi mälim bolupdy.
Sopulygyň pirleri hökümetleriň güýç bilen üýtgedilmegini kabul etmeýärler. Aşa dindarlar bolsa hut munyň üçin olary "gowşaklykda" aýyplap, olaryň dünýägaraýşyny "zulumçy hökümetler bilen raýdaşlyk" hasaplaýarlar.