Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet AÝ/AR-ny, 'Amerikanyň sesini' daşary ýurt agenti hökmünde yglan etdi


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) baş edarasy, Praga

Orsýetiň Adalat ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny (RFE/RL), “Amerikanyň sesi” radiosyny (VOA) we olar bilen işleşýän birnäçe habar çeşmesini golaýda kabul eden we Günbatar hem metbugat azatlygyny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilen täze kanunynyň esasyda “daşaty ýurtly agentler” diýip yglan etdi.

Ministrligiň resmi websaýtynda çap bolan beýanatda aýdylyşyna görä, Orsýetiň AÝ/AR, Amerikanyň sesi, “Nastoýaşeýe wremýa” telewideniýesi, AÝ/AR-nyň Tatar-başkir gullugy, Siberia.Reality, Idel.Reality, “Factograph”, “Kawkaz Realii” we Crimea.Reality habar serişdeleri media boýunça täze kanunyna laýyklykda “daşary ýurt agentiniň wezipesini ýerine ýetirýän daşary ýurt mediasy” hökmünde kesgitlenýär.

Emma Adalat ministrliginiň beýanatyna agzalan habar serişdeleriniň ýüzbe-ýüz bolup biljek çäklendirilmeleri barada düşündiriş berilmeýär. Emma kanun çykaryjylar sanawa girizilen media serişdeleriniň maliýe çeşmeleri barada jikme-jik hasabat bermek talabyna boýun bolmaga we öz berýän maglumatlarynyň çeşmesini daşary ýurt agentden diýip görkezmeli boljagyny mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG