Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Coca-Cola Icecek’: Kompaniýa Türkmenistandaky işini dowam etdirýär


“Coca-Cola Türkmenistan” kärhanasynyň öz önümçiligini bes edip, önümçilikde işleýän soňky işgärleriniň işden boşadylýandygyny Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri aýdýarlar.

Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran paýtagtdaky bu çeşmesiniň tassyklamagyna görä, “Coca-Cola Türkmenistan” kärhanasynda gönüden-göni önümçilikde işleýän işgärler işden boşadyldy.

“Önümçilik ýerinde işleýänleri bir eýýäm işden boşadypdylar. Häzir hasaplaşyk we sklad, ýagny ammar bölüminde işleýänleri hem işden boşadýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistandaky Coca-Cola gaplama kärhanasyny eýeleýän Türkiýedäki “Coca-Cola Icecek” kompaniýasy Türkmenistandaky Coca-Cola kärhanasynyň ýapylmagyň öň ýanynda durandygy barada soňky hepdelerde çykan habarlary ret edip, ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

“Türkmenistandaky kärhananyň işi baradaky çykan habarlar dogry däl we olar hakyky ýagdaýy şöhlelendirmeýär. Biz Türkmenistandaky işimizi dowam etdirýäris. ‘Coca-Cola Icecek Turkmenistan’ kärhanasy arassa we gazly suwlary öndürýär we olary satuw üçin paýlaýar. Aşgabatdaky kärhanamyzda gönüden-göni 300 adam işleýär” diýlip, “Coca-Cola Icecek” kompaniýasynyň Azatlyk Radiosyna email arkaly ugradan resmi beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, “Coca-Cola Icecek” kompaniýasynyň jogapkär wekili Aleksandra Akkirman 5-nji dekabrda telefon arkaly beren maglumatynda, kompaniýanyň Türkmenistanda milli pul birligi – manady daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmekde käbir kynçylyklary başdan geçirýändigini, munuň bilen baglanyşykly Coca-Cola içgileriniň önümçiliginiň wagtal-wagtal togtadylýandygyny, ýöne kärhananyň öz işini doly duruzmak barada asla hiç hili gürrüň edilmeýändigini aýtdy.

Mundanam başga, “Coca-Cola Icecek” kompaniýasynyň birnäçe resmisi Türkmenistandaky kärhanada işgärleriň işden boşadylýandygy barada häzirlikçe özlerinde anyk hiç hili maglumatyň ýokdugyny we bu mesele bilen özleriniň hem gyzyklanjakdygyny bellediler.

Geçen aý Türkmenistanda Coca-Cola kompaniýasynyň önümleriniň diňe seýrek söwda nokatlarynda tapdyrýandygy we olaryň bahasynyň iki, käbir ýerlerde üç esse gymmatlandygy mälim boldy.

5-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň ‘Bagtyýarlyk’ söwda merkezindäki ‘Şahada’ markete we ‘Berkararlyk’ söwda merkezindäki ‘Kämil’ markete baryp gören çeşmesi bu ýerde ýerli Coca-Cola önümleriniň asla satylmaýandygyny gürrüň berdi.

“Olaryň hiç birinde-de ýerli Coca-Cola önümleri ýok. Ol ýerde Dubaýda öndürilen 300 ml gaplara gaplanan Coca-Cola önümleri bardy. Olar 6 manat 60 teňňeden satylýar. Öň 1,5 litrlik gaba gaplanan Coca-Cola önüminiň bahasy 4 manada barabardy. Satyjynyň sözlerine görä, bu içgi soňky gezek mundan bir hepde öň getirilipdir, emma ol dessine satylyp gutarylypdyr. Onuň getirilmeginiň belli bir wagty ýok we mundan beýläk getirilip-getirilmejegi asla mälim däl” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýeri gelende ýatlasak, 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasy şu ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi halkara hemaýatkäri bolupdy.

“Aşgabat-2017” oýunlaryna tamamlanandan soň, has takygy noýabr aýynyň başlaryna Türkmenistanyň hususy we döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda, ýurduň özünde öndürilen arassa we gazly suwlar bilen bir wagtda, “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasynyň önümleri hem gymmatlapdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosynyň “Coca-Cola Türkmenistan” kompaniýasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

XS
SM
MD
LG